Dünýä ýurtlarynyň hersiniň özüne mahsus tebigy gurşawy we howa guşaklygy bar. Käbir ýurtda birnäçe howa guşaklygy (ekwatorial, subekwatorial, tropik, subtropik, aram, arktika, subarktika) bar bolsa, käbiri şol bir howa guşaklygynda ýerleşýär. Ýurtlary howa şertine görä, sowuk, yssy, gurak, ýagynly, ýelli ýurtlar ýaly toparlara bölmek mümkin. Käbir ýurtda hiç wagt yssy bolmaýan bolsa, käbirinde ýylyň dowamynda ýekeje gezegem gar ýagmaýar. «Yssy ýurtlar» adyny alan Puerto-Riko, Wanuatu, Wirgin adalary, Guam, Müsür ýaly ýurtlarda hiç wagt sowuk bolmaýar. Hatda bu ýurtlaryň ýaşaýjylary sowuk howa diýen düşünjäni ýatdan çykarypdyrlar. Gazetimiziň şu sanynda sizi dünýädäki iň yssy ýurtlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Puerto-Riko. Sowukda ýaşaýan käbir adamlar garsyz ýurtda ýaşamagy arzuw edýärler. Puerto-Riko arzuwlaryň hasyl bolýan yssy ýurtlaryň biri bolup, ýylyň dowamynda ýekeje gezegem gar ýagmaýar. Ekwator çyzygyna ýakynlygy sebäpli, Karib deňzinde ýerleşýän bu ýurda Gün şöhlesi dik düşýär. Puerto-Rikoda iň sowuk aýlar ýanwar-fewral aýlary bolup, howanyň temperaturasy 19-20 derejeden peselmeýär. Puerto-Rikonyň merkezi şäheri San-Huan bolup, El-Morro kenarýaka galasy, San-Huan milli taryhy ýadygärligi, San-Kristobal galasy ýurduň meşhur ýerleri hasaplanýar. Tutýan meýdany 13 müň 791 inedördül kilometre barabar ýurduň 3,5 million töweregi ilaty bar. Syýahatçylyk babatda ösen ýerleriň biri hasaplanýan Puerto-Riko her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy barýar.