5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.
Foruma pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat bu ulgamda işleýän dürli milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Olar halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary bilen tanyşdyrdylar, toplan tejribelerini, täze işläp taýýarlamalary paýlaşdylar. Maslahatyň maksady Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga hem-de iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda «ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.