«Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda kärdeşler arkalaşyklary — agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykda beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalarydyr.
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy — kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakyndaky düzgünnama esasynda hereket edýän, guramaçylyk-hukuk hem-de eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, adatça, bir kärhanada, edarada, guramada we hakyna tutma zähmeti ulanýan zähmet gatnaşyklarynyň beýleki subýektinde işleýän, şeýle hem bilim edarasynda okaýan kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň meýletin birleşigidir.