Halkymyzyň baý edebi mirasy häzirki wagtda giňden öwrenilýär we okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen bagly geçirilýän dabaralardyr edebi duşuşyklar giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem ýaşlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.
Bedewlerimiz türkmeniň milli buýsançlarynyň biridir. Ol hakda edebi mirasymyzda gymmatly maglumatlar beýan edilipdir. Bedew waspy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň arasynda ahalteke bedewi esasy orny eýeleýär. Beýleki gymmatlyklar türkmeniň bedewiniň bezegini ýetirip, ony has-da görklendirýär. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu işleriň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.