Mährinden mähir tapanym

5 Dekabr 2023
1120

Halkymyzyň ýaşuly nesillerimiz hakynda: «Garry—öýüň gaznasy», «Gojam bar—goragym bar», «Geňeşseň goja bilen geňeş» ýaly birnäçe aýtgylary döretmeginiň aňyrsynda durmuş tejribesi bar. Hojalykda köpi gören goja nesilleriň bolmagy maşgalanyň goragydyr. Olaryň ajyny-süýjini gören gözleri ähli zady bilip, her bir meseläni adalat terezisi mysaly ölçäp durandyr. Olar öýde maşgala agzalarynyň hüý-häsiýetine, başarnygyna beletdir. Ýaşuly nesillerimiziň ýaşlara nä derejede gerekdigine düşünmek üçin bir öýüň gapysyndan gelin bolup ätlemek ýeterlikdir.

Gelin bolup bir gapydan baran günüň durmuşyň ähli synaglary başlanýar. Her hojalygyň öz tertip-düzgünleriniň bolýandygy üçin şol düzgüne girýänçäň kimdir biriniň ýardamy juda zerur. Ýaş gelniň syn-deramaty ýeterlik. Goňşy-golamlar, öýe gelin görmäge gelýän myhmanlardyr garyndaşlar, ululy-kiçili maşgala agzalaryň ählisi gelin synlaýandyr. Şol pursatda gaýyneneň goragyň bolar eken. Ol öz ýanyndan seni çekinseň-de, utansaň-da, aljyrasaň-da aňlar durar. Häli-häzirler hem yza nazar aýlasam gaýyneneme minnetdarlygym çäksizdir. Onuň:

Bägül HOJAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.