Üns merkezinde — Ibn Sinanyň köpugurly mirasy

19 Oktýabr 2023
757

Paýtagtymyzda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi.

Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir. Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar. Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr.