Suratda: Ýazmyrat Esenow maşgalasy Täçsoltan bilen (1961 ý).
Halk arasynda giňden meşhur bolan aýdymlaryň aglabasyny döreden zehinli kompozitor Ýazmyrat Esenow 1943-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynda dünýä inýär. Çagalykdan aýdym-saza höwesli bolan oba oglany bu ugurdan ýörite bilim almak üçin Aşgabatdaky şol wagtky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girýär. Okuwyny üstünlikli tamamlandan soň, Gyzylarbat etrap medeniýet öýüniň direktory wezipesine bellenilýär. Şol ýyllar ol bu ýerde «Damana» halk saz gurallary we «Sähra mukamlary» ýaly ansambllary döredýär.