Oturgyç üçin daşlyk

26 Maý 2023
1319

Oturgyçlara daş tutmak olary arassa saklamaga ýardam edýär hem-de owadan mata böleginden laýyk biçüwde taýýarlanan oturgyç daşy otagyň gözelligine gözellik goşýar.

Indi köp myhmanly, gelim-gidimli döwrebap kafeler we restoranlar hem oturgyçlaryny dürli biçüwli daşlyklar bilen bezeýärler. Bu olara oturgyçlary ençeme ýyllap abat ulanmaga ýardam edýär.

Ogulnyýaz ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.