Nesil hakda alada

25 Maý 2023
1359

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň edepli, terbiýeli, ylym-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Ol işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, olarda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär.

Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.

Bibizylyha MÄMMETGURBANOWA,
Balkan welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.