Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

4 Iýul 2023
739

Arkadag şäheri, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar.