"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Üç ko­reý to­pa­ry çär­ýek fi­nal­da

AFK Çem­pion­lar li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Günbatar zolagynda Tä­ji­gis­ta­nyň «Is­tik­lol» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da Eý­ra­nyň «Per­se­po­lis» to­pa­ryn­dan 1–0 as­gyn gel­di. Ýe­ke-täk go­ly 90-njy mi­nut­da To­ra­bi öz ady­na ýaz­dyr­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al-Nassr» to­pa­ry hem Eý­ra­nyň «Trak­tor» to­pa­ryn­dan şol ha­sap bi­len üs­tün çyk­dy (Win­sent Abu­ba­kar 11). Baş­ga bir sa­ud to­pa­ry «Al-Hi­lal» baş­ga bir eý­ran klu­by «Es­teg­la­ly» Ba­fe­tim­bi Go­mi­siň (39) hem-de Mu­ha­med Al-Daw­sa­ri­niň (56) gol­la­ry bi­len 2–0 ýeň­di. BAE-niň iki to­pa­ry – «Şar­jah» bi­len «Al-Wah­da» klub­la­ry­nyň öza­ra du­şu­şy­gyn­da esa­sy wagt 1–1 deň­lik­de gu­ta­ryp, «Al-Wah­da» 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­la­ryn­da 5–4 öňe saý­lan­dy. Gün­do­gar zo­la­gyn­da ko­reý hem-de ýa­pon to­par­la­ry­nyň öza­ra du­şu­şy­gyn­dan soň, 1 ýa­pon, 2 ko­reý to­pa­ry ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. «Ul­san Hýun­dai» (G. Ko­re­ýa)–«Ka­wa­sa­ki Fron­tal» (Ýa­po­ni­ýa) du­şu­şy­gyn­da ha­sap açyl­man, ýe­ňi­ji 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy ne­ti­je­sin­de ko­reý klu­by bol­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň «Na­go­ýa Gram­pus» to­pa­ry bi­len Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Dae­gu» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ýa­pon klu­by 4–2 üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da ýa­pon to­pa­ry­nyň pol­şa­ly hü­jüm­çi­si Ýa­kub Şwier­çok 3 gol ge­çir­di. «Se­re­zo Osa­ka»

Ožie çem­pi­on­ly­gyň bosagasynda

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da (WRC) ýy­lyň 9-njy bäs­le­şi­gi Akrapolis Rallisi Gre­si­ýa­nyň La­mi­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 15 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan 292,19 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň finl­ýan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Kal­le Ro­wan­per­ýa ýe­ňiş ga­zan­dy. Onuň gör­ke­zen ne­ti­je­si 3 sa­gat 28 mi­nut 24,6 se­kun­da deň bo­lup, finl­ýan­di­ýa­ly pi­lot kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­ryş­da finl­ýan­di­ýa­ly sü­rü­ji­den 42,1 se­kunt az ne­ti­je gör­ke­zen es­to­ni­ýa­ly Ott Ta­nak («Hy­un­dai Shell Mo­bis») 2-nji, «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň fran­si­ýa­ly sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie 3-nji or­ny eýe­le­di. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 tap­gyr ga­lan­da, Ožie 180 utuk bi­len öň­de bo­lup, ol no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­na go­laý­lap bar­ýar. Ol 3-nji okt­ýabr­da ge­çi­ril­jek Finl­ýan­di­ýa Ral­li­sin­de ýe­ňiş ga­za­nan ýag­da­ýyn­da 8-nji çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder.

Il­kin­ji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji bäs­le­şi­gi Is­pa­ni­ýa­nyň Ara­gon zo­la­gyn­da­ky Al­ka­nis şä­her­çe­sin­de ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da 23 aý­la­wy 41 mi­nut 44,422 se­kunt­da ta­mam­lan «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­dir. Bäs­le­şik­de 2-nji ýe­re ýe­ňi­ji­den 0,673 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes («Rep­sol Hon­da») my­na­syp bol­dy. Baş­ga bir is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji, «Su­zu­ki Ecstar» to­pa­ry­nyň pi­lo­ty Žo­an Mir 3-nji or­ny eýe­le­di. Sa­na­wyň li­de­ri, fran­si­ýa­ly sü­rü­ji Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro («Mons­ter Ener­gy Ya­ma­ha») 8-nji ýer bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Ge­çi­ri­len 13 ýa­ryş­dan soň ol 214 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Ba­naia 161 utuk bi­len 2-nji, 157 utuk­ly Mir 3-nji orun­da bar­ýar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 19-njy sent­ýabr­da San Ma­ri­no­da ge­çi­ri­ler.

«McLa­ren» to­pa­ry­nyň go­şa üs­tün­li­gi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 14-nji bäs­le­şi­gi Ita­li­ýa «Gran Pri­si» wa­ka­la­ra baý bo­lup, sa­na­wyň öň­de­ba­ry­jy iki sü­rü­ji­si­niň ulag­la­ry howp­ly ýag­daý­da çak­nyş­dy. Mon­za şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 53 aý­law­lyk ýa­ry­şyň 26-njy aý­la­wyn­da Ha­mil­ton pit-stop­dan çy­ka­nyn­dan soň, Maks Wers­tap­pe­niň ula­gy bi­len çak­nyş­dy. Wers­tap­pe­niň ula­gy Ha­mil­to­nyň ula­gy­nyň üs­tüne çyk­dy. Iki sü­rü­ji­niň-de bu çak­ny­şyk­da hiç hi­li şi­kes al­man­dy­gy, sag­lyk ýag­daý­la­ry­nyň go­wu­dy­gy ha­bar be­ril­di. Ne­ti­je­de, 53 aý­la­wy «McLa­ren» to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Da­ni­el Rik­ki­ar­do 1 sa­gat 21 mi­nut 54,365 se­kunt­da ta­mam­lap, 2018-nji ýyl­da­ky Mo­na­ko «Gran Pri­sin­den» soň il­kin­ji, umu­my­lyk­da-da 8-nji ge­zek F1-de ýe­ňiş ga­zan­dy. Rik­ki­ar­do­nyň bri­ta­ni­ýa­ly to­par­da­şy Lan­do Nor­ris ýe­ňi­ji­den 1,747 se­kunt yza ga­lyp ikin­ji ýe­ri eýe­le­di. Il­kin­ji ha­tar­dan bat alan «Mercedes» to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Walt­te­ri Bot­tas 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ýer eýe­le­ri hök­mün­de çy­kyş eden ital­ýan to­pa­ry «Fer­ra­ri­niň» sü­rü­ji­le­ri Şarl Lek­ler 4-nji, Kar­los Saýns Ju­ni­or 6-njy or­ny eýe­le­di. «McLa­ren» to­pa­ry 2012-nji ýyl­dan soň il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, utu­gy­ny 215-e ýe­tir­di we to­par­la­ryň ara­syn­da 3-nji or­na beý­gel­di.

Messi Pe­lä­niň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di

Ka­tar 2022 Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň çäk­le­rin­de Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da 9-njy du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. Sa­na­wyň li­de­ri Bra­zi­li­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Pe­ru­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny Ri­bei­ro (15) we Neý­ma­ryň (40) gol­la­ry bi­len 2-0 ýe­ňip, ýeň­liş­siz li­der­li­gi­ni do­wam et­dir­di. Bra­zi­li­ýa saý­la­ma tap­gy­ryn­da yz­ly-yzy­na 9-njy du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ugur­da öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ikin­ji bas­gan­çak­da­ky Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy-da öz meý­dan­ça­syn­da Bo­li­wi­ýa­ny ka­bul edip, 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tan­go­çy­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň üçü­si­ni hem Lio­nel Mes­si öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ol 14-nji, 64-nji hem-de 88-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nyp, mil­li ýy­gyn­dy­da­ky 7-nji het-tri­gi et­di. Şeý­le­lik­de, su­per ýyl­dy­zyň mil­li to­par­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 79-a ýet­di. Ol bu ugur­da bra­zi­li­ýa­ly ro­wa­ýa­ty fut­bol­çy, fut­bo­lyň şa­sy Pe­le­den (77 gol, 92 oýun) öňe saý­la­nyp, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy bol­dy. Mes­si 79 go­ly 153 oýun­da ge­çir­di.

«Amerika Açyk» tennis ýaryşynyň täze çempionlary

Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 4-nji «Uly tu­wul­ga» ýa­ry­şy «Ame­ri­ka Açyk­da» er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da sa­na­wyň 1-2-nji bel­gi­li ten­nis­çi­le­ri – ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bi­len rus­si­ýa­ly Da­ni­il Med­we­dew du­şuş­dy­lar. Med­we­dew güýç­li gar­şy­da­şy­ny 2 sa­gat 17 mi­nut­da 6:4 ha­sap­lar bi­len 3:0 ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şeý­le­lik­de, 25 ýa­şyn­da­ky Med­we­dew kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Bu onuň ATP-niň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 13-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ol «Uly tu­wul­ga­lar­da» çem­pi­on­lyk ga­za­nan rus­si­ýa­ly 3-nji er­kek, umu­my­lyk­da 6-njy ten­nis­çi­dir (Ýew­ge­niý Ka­fel­ni­kow, Ma­rat Sa­fin, Anas­ta­si­ýa Mys­ki­na, Ma­ri­ýa Şara­po­wa, Swet­la­na Kuz­ne­so­wa). Soň­ky ge­zek 2005-nji ýyl­da Rus­si­ýa­dan er­kek­ler­den Ma­rat Sa­fin «Uly tu­wul­ga» ku­bo­gy­ny ga­za­nyp­dy. Ga­ly­ber­se-de, Med­we­dew «Uly tu­wul­ga­nyň» fi­na­lyn­da No­wak Jo­ko­wi­çi ýe­ňen 5-nji ten­nis­çi bol­dy. «Ame­ri­ka Açyk» –

TÄZE MÖWSÜMIŇ ILKINJI DUŞUŞYKLARY

Fut­bo­lyň iň öň­de­ba­ry­jy bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da tä­ze möw­sü­me, 30-njy, umu­my­lyk­da 67-nji möw­sü­me ba­dal­ga be­ril­di. Tä­ze möw­sü­miň to­par­ça­lar­da­ky il­kin­ji du­şu­şyk­la­ryn­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. Oý­na­lan 16 du­şu­şyk­da je­mi 44 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. 5 du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri, 5 du­şu­şyk­da-da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. 3-si gol­suz 6 du­şu­şyk deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Bu tap­gyr iň­lis klub­la­ry üçin diý­seň şow­ly ge­çip, 4 to­pa­ryň 3-si ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 5 klub bi­len we­kil­çi­lik ed­ýän is­pan­la­ryň di­ňe 1 to­pa­ry ýe­ňiş ga­za­nyp, 3 klu­by deň­me-deň oý­na­dy, 1 to­pa­ry-da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Emin­ler 6 fut­bol­ça gy­zyl kart gör­kez­di. Şeý­le-de olar 7 ge­zek 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di­ler. Şo­la­ryň 3-si­ni oýun­çy­la­ra dürs ur­mak ba­şart­ma­dy. «A» to­par­ça­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Le­ip­si­gi» ka­bul edip, 6-3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Man­çes­ter Si­ti­niň gol­la­ry­ny Ake, Mu­kie­le (ö.d.), Mah­rez (p), Gri­liş, Kan­se­lo hem-de Gab­ri­el Že­sus der­we­zä gi­riz­di. «Le­ip­si­giň» 3 go­lu­ny-da fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Kris­ti­an Nkun­ku öz ady­na ýazdyrdy. Bu ýe­ňiş «Man­çes­ter Si­ti­niň» Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 50-nji ýeň­şi bo­lup, ol bu gör­ke­zi­jä­ 91 oýun­d

Sport — saglygyň girewi

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz äpet uly sport meýdançasyna öwrülýär diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgul bolmak halkymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdy. Hormatly Prezidentimiziň özi bolsa, sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanyp, biz üçin uly görelde mekdebi bolup durýar. Sportdur bedenterbiýe bilen içgin meşgullanmak saglygyň hem girewi bolup durýar. Çünki, şeýle adamlaryň bedeni berk, dürli kesellere çydamly bolýar.

Ökde türgenleriň mekany

Farap etrabynda ýaş sport söýüjilere we türgenlere döwrebap sport mekdepleriniň hem-de sport zallarynyň birnäçesi hyzmat edýär. Olarda türgenleşmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny guwanç bilen synlaýaryň. Şeýle bolansoň etrabyň sport ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi soňky sekiz ýylyň dowamyndaky gözden geçirilişiklerde iki gezek döwlet derejesinde birinji orna mynasyp boldy. 2020-nji ýylyň jemi boýunça bolsa welaýatda birinji orny eýeledi. Şeýle belent sepgitleriň eýelenilmegine etrabyň pälwanlary uly goşant goşdular. Olaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan — türkmen göreşi bilen sambo boýunça dünýäniň çempiony, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda milli göreşiň dürli görnüşlerinden altyn medallaryň 4-siniň eýesi bolan halkara derejeli sport ussady Gülnara Haýytbaýewa hem bar. Onuň ýegeni, ýaş pälwan Jeren Haýytbaýewa hem barha adygýan pälwanlaryň biri. Geçen ýyl Jeren 17 ýaşlylaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda öz deň-duşlaryndan saýlanyp, birinjiligi eýeledi.

Biz sporty söýýäris

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara sport guramalaryndan Türkmenistanda iri ýaryşlary geçirmek boýunça teklipleriň yzygiderli gelip gowuşýandygy milli Liderimiziň sport boýunça alyp barýan ajaýyp işleriniň dünýäde dabaralanýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz adam, onuň saglygy we abadançylygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidigini belleýär. Çünki milletiň sagdynlygyny üpjün edip, ruhubelent ýaşaýşa eýe bolmak biziň döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Garaşsyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dünýä derejeli türgenleri taýýarlamak maksady bilen, ygtybarly maddy-tehniki binýat döredildi. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň, welaýatlarda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligini üpjün etdi. Milli Liderimiziň yzygiderli aladalarynyň netijesinde berkarar döwletimizde iri sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman sport düzümleriniň kemala geti

Bosagada Garaşsyzlyk baýramy

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. Şanly senä mynasyp sowgat taýýarlanyldy

Beýik görelde

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de

Welosiped hakynda gyzykly maglumatlar

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021.   1. Welosiped 1817-nji ýylda Germaniýada döredilipdir. Ilkinji welosipediň çarçuwasy agaçdan, çarhsyz ýasalypdyr. Çarh soňky onýyllykda şotlandiýaly mehanik tarapyndan oýlanylyp tapylypdyr.

Milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan welosipedli ýörişler

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. Azerbaýjan

«Kengurularyň» içindäki şir

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. Güýz paslynyň bosagadan ätlemegi bilen 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň nobatdaky tapgyrlaryna badalga berildi. Milli ýygyndylaryň oýunlaryna tomaşa edip oturşyňa, zehinli oýunçylara aýratyn üns berýärsiň. Şeýle oýunçylaryň hatarynda «dünýäni baglan» ýyldyzlaram, ýaş zehinlerem bolup bilýär. Ýaş zehinleriň biri Awstraliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Aýdyn Hrustiçdir.

Halypa – şägirdiň esasy janköýeri

Tälimçi Sapardurdy Rahmanberdiýew Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebinde 2014-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Meniň onuň bilen tanyşlygymam hut şol döwürlerden başlanýar. Bu tälimçä hormat goýmagymyň esasy sebäpleriniň biri-de, onuň öz şägirtlerine jany-teni bilen janköýerlik etmegi bolup durýar. Onuň haýsydyr bir şägirdi ýaryşda ýeňiji bolanda, Balkanabat şäheri bilen Gumdag şäheriniň arasy kän bir ýakyn bolmasa-da, ýörite gelip, maglumat bermegi, bu hakyndaky habar gazetde çap edilende bolsa tüýs ýürekden begenmegi, sagbolsun aýtmagy halypanyň öz kärine bolan söýgüsinden, eden işiniň netijesinden lezzet alýandygyndan, şägirtlerine buýsanýandygyndan, guwanýandygyndan habar berýär. S.Rahmanberdiýewiň özi hakynda gysgaça maglumat bersek, ol 1964-nji ýylda Gumdag şäherinde dogulýar. Sporta hem-de sungata höwesi çagalygyndan döreýär. Okuwçy döwürlerinde agasyndan dutar hem-de gyjak çalmagy öwrenýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda karate bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. 1990-njy ýyldan soň bolsa Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň ýene bir görnüşi bolan uşunyň inçe tilsimlerini ele almak üçin yhlasyny gaýgyrmaýar. Ýöne biziň tälimçi bilen bu günki söhbedimiz, esasan, onuň şägirtleriniň gazanan netijeleri hakynda bolar. – Sapardurdy aga, söhbedimize sport mekdebiňizde tälim berýän ugurlaryňyz baradaky

Futbol topunyň taryhyndan

Ýakynda futbol boýunça geçirilen XVI Ýewropa çempionatynda adatça bolşy ýaly, dünýä belli «Adidas» kompaniýasynyň toplary ulanyldy. «Uniforia» diýlip atlandyrylan bu top, «unity» (birlik, bitewülik) hem-de «euphoria» (şatlyk, keýpiköklük, göçgünli wagtyhoşluk) diýen sözleri özünde jemledi. Aslynda, futbol topy haçan döredikä?! Ýa bolmasa, haçandan bäri toply oýunlar bilen meşgullanylyp gelnipdir? Şu makalamyzda oňa giňişleýin düşündiriş bermäge synanyşalyň.

Saýlama tapgyryň duşuşyklary geçirildi

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymy boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi. Saýlama tapgyrynda yklymyň iň güýçli 12 ýygyndysynyň toparçalaryň ikisinde bäsleşýändigini ýatladýarys.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň saglygy barada aladalanýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ony jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýatlarymyzy bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek işleri giň gerim alýar. Sagdyn jemgyýeti berkarar etmegiň ilkinji şertleriniň biri sporty, bedenterbiýäni, saglygy goraýşy ýaýbaňlandyrmakdyr. Hut şu maksat bilen hem, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Onda häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin ýollarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmagyň we 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamagyň, elleri yzygiderli sabynlap ýuwmagyň hem-de antiseptiki serişdeleri peýdalanmagyň, gök önümleri ýyly suwda ýuwmagyň, kadaly iýmitlenmegiň, şeýle-de, arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň ähmiýeti barada durlup geçildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da ýokarla

Taryhda şu gün

Milli ýygyndylaryň 16-synyň gatnaşmagynda geçirilen bu çempionatyň deslapky tapgyrynda Nigeriýa (8:4), Taiti (5:0 hem-de Wenesuela (7:3) bilen duşuşan Russiýanyň ýygyndysy olaryň hemmesini hem ýeňiş bilen tamamlady. Çärýek finalda Meksikany (5:3), ýarym finalda bolsa Salwadory (7:3) ýeňlişe sezewar eden russiýaly kenarýaka futbolçylary aýgytlaýjy duşuşykda dünýäniň iň güýçli ýygyndysy bolan Braziliýadan üstün çykdy.