Il­kin­ji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy

16 Sentýabr 2021
1062

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji bäs­le­şi­gi Is­pa­ni­ýa­nyň Ara­gon zo­la­gyn­da­ky Al­ka­nis şä­her­çe­sin­de ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da 23 aý­la­wy 41 mi­nut 44,422 se­kunt­da ta­mam­lan «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­dir. Bäs­le­şik­de 2-nji ýe­re ýe­ňi­ji­den 0,673 se­kunt soň pel­le­ha­na­dan ge­çen is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes («Rep­sol Hon­da») my­na­syp bol­dy. Baş­ga bir is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji, «Su­zu­ki Ecstar» to­pa­ry­nyň pi­lo­ty Žo­an Mir 3-nji or­ny eýe­le­di. Sa­na­wyň li­de­ri, fran­si­ýa­ly sü­rü­ji Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro («Mons­ter Ener­gy Ya­ma­ha») 8-nji ýer bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Ge­çi­ri­len 13 ýa­ryş­dan soň ol 214 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Ba­naia 161 utuk bi­len 2-nji, 157 utuk­ly Mir 3-nji orun­da bar­ýar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 19-njy sent­ýabr­da San Ma­ri­no­da ge­çi­ri­ler.