Sport — saglygyň girewi

15 Sentýabr 2021
1049

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz äpet uly sport meýdançasyna öwrülýär diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgul bolmak halkymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdy. Hormatly Prezidentimiziň özi bolsa, sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanyp, biz üçin uly görelde mekdebi bolup durýar.

Sportdur bedenterbiýe bilen içgin meşgullanmak saglygyň hem girewi bolup durýar. Çünki, şeýle adamlaryň bedeni berk, dürli kesellere çydamly bolýar.