Halypa – şägirdiň esasy janköýeri

10 Sentýabr 2021
1435

Tälimçi Sapardurdy Rahmanberdiýew Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebinde 2014-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Meniň onuň bilen tanyşlygymam hut şol döwürlerden başlanýar. Bu tälimçä hormat goýmagymyň esasy sebäpleriniň biri-de, onuň öz şägirtlerine jany-teni bilen janköýerlik etmegi bolup durýar. Onuň haýsydyr bir şägirdi ýaryşda ýeňiji bolanda, Balkanabat şäheri bilen Gumdag şäheriniň arasy kän bir ýakyn bolmasa-da, ýörite gelip, maglumat bermegi, bu hakyndaky habar gazetde çap edilende bolsa tüýs ýürekden begenmegi, sagbolsun aýtmagy halypanyň öz kärine bolan söýgüsinden, eden işiniň netijesinden lezzet alýandygyndan, şägirtlerine buýsanýandygyndan, guwanýandygyndan habar berýär. S.Rahmanberdiýewiň özi hakynda gysgaça maglumat bersek, ol 1964-nji ýylda Gumdag şäherinde dogulýar. Sporta hem-de sungata höwesi çagalygyndan döreýär. Okuwçy döwürlerinde agasyndan dutar hem-de gyjak çalmagy öwrenýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda karate bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. 1990-njy ýyldan soň bolsa Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň ýene bir görnüşi bolan uşunyň inçe tilsimlerini ele almak üçin yhlasyny gaýgyrmaýar. Ýöne biziň tälimçi bilen bu günki söhbedimiz, esasan, onuň şägirtleriniň gazanan netijeleri hakynda bolar.

– Sapardurdy aga, söhbedimize sport mekdebiňizde tälim berýän ugurlaryňyz baradaky gürrüň bilen başlaýaly!

Söhbetdeş bolan Aşyrberdi GURBANOW,
«Türkmen sporty».