Futbolyň iň öňdebaryjy bäsleşigi hasaplanýan UEFA Çempionlar ligasynda täze möwsüme, 30-njy, umumylykda 67-nji möwsüme badalga berildi. Täze möwsümiň toparçalardaky ilkinji duşuşyklarynda garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Oýnalan 16 duşuşykda jemi 44 gol derwezä girizildi. 5 duşuşykda ýer eýeleri, 5 duşuşykda-da myhmanlar ýeňiş gazandy. 3-si golsuz 6 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Bu tapgyr iňlis klublary üçin diýseň şowly geçip, 4 toparyň 3-si ýeňşini baýram etdi. 5 klub bilen wekilçilik edýän ispanlaryň diňe 1 topary ýeňiş gazanyp, 3 kluby deňme-deň oýnady, 1 topary-da ýeňlişe sezewar boldy. Eminler 6 futbolça gyzyl kart görkezdi. Şeýle-de olar 7 gezek 11 metrlik jerime urgusyny bellediler. Şolaryň 3-sini oýunçylara dürs urmak başartmady.
«A» toparçada «Mançester Siti» öz meýdançasynda «Leipsigi» kabul edip, 6-3 hasabynda ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda «Mançester Sitiniň gollaryny Ake, Mukiele (ö.d.), Mahrez (p), Griliş, Kanselo hem-de Gabriel Žesus derwezä girizdi. «Leipsigiň» 3 goluny-da fransiýaly hüjümçi Kristian Nkunku öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňiş «Mançester Sitiniň» Çempionlar ligasyndaky 50-nji ýeňşi bolup, ol bu görkezijä 91 oýunda ýetdi. 88 oýunda 50 gezek ýeňiş gazanan «Real» birinji orunda barýar. Şeýle-de Kristian Nkunku ýeňiş gazanyp bilmedik toparyň düzüminde het-trik eden 4-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy (Kristiano Ronaldo, Garet Beýl, Irfanjan Kahweji).