Ökde türgenleriň mekany

13 Sentýabr 2021
945

Farap etrabynda ýaş sport söýüjilere we türgenlere döwrebap sport mekdepleriniň hem-de sport zallarynyň birnäçesi hyzmat edýär. Olarda türgenleşmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny guwanç bilen synlaýaryň. Şeýle bolansoň etrabyň sport ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi soňky sekiz ýylyň dowamyndaky gözden geçirilişiklerde iki gezek döwlet derejesinde birinji orna mynasyp boldy. 2020-nji ýylyň jemi boýunça bolsa welaýatda birinji orny eýeledi.

Şeýle belent sepgitleriň eýelenilmegine etrabyň pälwanlary uly goşant goşdular. Olaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan — türkmen göreşi bilen sambo boýunça dünýäniň çempiony, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda milli göreşiň dürli görnüşlerinden altyn medallaryň 4-siniň eýesi bolan halkara derejeli sport ussady Gülnara Haýytbaýewa hem bar. Onuň ýegeni, ýaş pälwan Jeren Haýytbaýewa hem barha adygýan pälwanlaryň biri. Geçen ýyl Jeren 17 ýaşlylaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda öz deň-duşlaryndan saýlanyp, birinjiligi eýeledi.

Gözel GYLYJOWA,
ýörite habarçymyz.