"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen futboly Garaşsyzlyk ýyllarynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde eziz Watanymyz sport ýurdy hökmünde dünýäde ykrarnamasyny tapdy. Onuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda geçirilen we geçirilýän iri halkara ýaryşlary hem doly güwä geçýär. Türgenlerimiziň halkara arenasynda gazanýan netijeleri bolsa sport babatynda netijeli ädimleriň ädilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Garaşsyzlygymyzy alan günümizden ýurdumyzda futbola hem uly üns berlip başlandy. Onuň netijesinde futbol çempionatymyzdyr Kubok ugrundaky bäsleşikler yzygiderli geçirilip ugraldy. Şeýle-de, eziz Watanymyzda uly futbol bilen birlikde çagalar futboly, zenanlar futboly, şeýle-de, futzal üns-alada bilen gurşalyp alyndy. Onuň şeýle bolmagynda dürli ugurdaky ýygyndy toparlarymyzyň halkara arenasynda gazanýan ýeňişleri hem doly şaýatlyk edýär. Milli ýygyndy toparymyz

TFF-niň täzelikleri

Dürli ugurlar boýunça futboly ösdürmek üçin FIFA agza bolan assosiasiýalaryň hemmesinde hem ýerine ýetiriji tehniki direktory bolan, saldamly iş alyp barýan Tehniki bölümi bolýar. TFF-niň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirýän «Köpetdagyň» hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Berdimyrat Nurmyradow geçen ýyl badalga berlen FIFA-nyň Tehniki direktorlarynyň halypaçylyk maksatnamasynyň netijesinde gymmatly tejribe toplaýar.

Sport we ýaşlar syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýle hem, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşygynyň möhüm ulgamy bolup hyzmat edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky Rezolýusiýasynda hem «Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibinde» sport durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir diýlip bellenilýär. Dünýä döwletlerini ýakynlaşdyrýan, olaryň arasyndaky raýdaşlyk, köňüldeşlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan sport we olimpiýa hereketleri diňe bir ygtybarly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda däl, eýsem ynsan saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge hem ugrukdyrylýar. Bize bu babatda görüm-görelde bolup durýan mähriban Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri rowaç alsyn, jany sag, belent başy aman bolsun! Maksat HUDAÝBERDIÝEW, Halaç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary.

Taryhda şu gün

Rim hem-de Perujja şäherlerinde geçirilen Ýewropa çempionatynyň baş baýragy ugrunda ýygyndylaryň sekizisiniň bäsleşendigini ýatladýarys.

Ussat bedenterbiýeçi

Şeýle at bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde yglan edilmeginde geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndaky hem-de Tejen şäherindäki orta mekdeplerden bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek, sport bäsleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de öňdebaryjy bedenterbiýe mugallymlaryny ýüze çykaryp, iş tejribelerini ýaýratmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik uly ähmiýete eýe boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda tejribeli hünärmenlerden ybarat emin agzalary oňa gatnaşan bedenterbiýe mugallymlaryň iş tejribesini açyp görkezýän wideoýazgylara tomaşa etdiler. Ýeňijiler wideoýazgylar esasynda kesgitlendi.

Garaşsyzlygyň ýaşytdaşlary

Garaşsyzlygyň ýaşytdaşlary diýlende, elbetde, üç onlugy tegelän ildeşlerimiz göz öňümize gelýär. Olaryň arasynda dürli pudaklarda zähmet çekýänleri bar. Gazetimiziň şu sanynda Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş ildeş türgenlerimiziň gazanan ýokary netijeleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Gülbadam Babamyradowa: ýaş zenan pälwany tanamaýan az bolsa gerek. Gülbadam mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýaşytdaşlarynyň biri. Ol dzýu-do hem-de sambo boýunça halkara derejeli sport ussadydyr. Gülbadam 2011 — 2012-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda sambo boýunça altyn hem-de kümüş medallara eýe boldy. Şeýle-de 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Uniwersiadada guşakly göreşden altyn, sambodan bürünç medala, 2014-nji ýylda Phuketde geçirilen plýaždaky Aziýa oýunlarynda şahsy görnüşde altyn medala, toparlaýynda bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Şol ýylda Aziýa çempionatynda hem altyn medaly eýeledi. Gülbadam diňe bir sambo boýunça üstünlikleri gazanman, şonuň bilen deň derejede dzýu-do boýunça hem öz artykmaçlygyny subut etdi. 2014-nji ýylda Inçhonda geçirilen Aziýa oýunlarynda kümüş, 2016-njy ýylda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallary gazandy. Şeýle-de 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sambo boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ezber türgen hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlarynyň he

Sport syýasatynyň gadamlary

Ezberler ýetişýär Gahryman Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmek bilen, bu babatda bimöçber işlere badalga berdi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde tutumly işleriň bady artýar. Sport syýasatynyň rowaçlanmagy türkmen halkynyň saglygyny berkitmekde-de, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda-da iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir desgalary ýaş türgenleriň islegli mekanyna öwrüldi.

Söweş sungatynyň geljekki ussady

Aslynda, uşu sporty Hytaýdaky söweş sungatynyň ähli görnüşleriniň umumy atlandyrylyşydyr. Ol iki sany ieroglifden ybarat bolup: «wu» — söweş, «şu» — sungat, tilsim diýmegi aňladýar. Uşu ilkibada türgenleşiklerde, soňra söweşlerde peýdalanylypdyr. Bu baradaky ilkinji ýazgylara Hytaýyň gadymy edebi miraslarynda duş gelmek bolýar. 1949-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmegi bilen, uşu söweş sungaty sportuň resmi görnüşi hökmünde hasaba alyndy.  Aşgabat şäherindäki 120-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbangeldi Berdiýew hem alty ýaşyndan bäri Gündogaryň söweş sungaty bolan uşu sporty bilen meşgullanýar. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, ýaş türgen kiçiliginden kakasynyň göwün beren sport görnüşi bilen gyzyklanyp, onuň bilen bilelikde türgenleşmäge başlaýar. Ol kakasyndan öwrenenlerini tejribede synap görmek üçin 2019-njy ýylda ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar hem-de ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolýar.

Yhlas maksada ýetirýär

Ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin döredilýän şertler ýaşlaryň boş wagtlaryny gyzykly hem peýdaly geçirmeklerine uly ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň saýasynda sporta höwesli ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Olaryň sportuň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny beýgeltjek täze nesliň kemala gelýändigine güwä geçýär.  Ýaş küştçi Ahmet Gubataýew hem geljegine umyt bildirilýän ýaşlaryň biri. Ol 2020-nji ýylda 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde altyn medala eýe boldy. Žurnalymyzyň bu sahypasynda okyjylarymyza Ahmet Gubataýew barada gürrüň bermekçi. Oňa ilki bilen:

Ýa garyp sen, ýa garyby görüp sen...

«7/24.tm», № 38 (69),  20.09.2021. Ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Ömür kerweni» powesti şeýleräk jümle bilen jemlenýär: «Iki atdaş ara bir ömri goýup, wagtlaýynça hoşlaşdylar».

Sport dünýäsinde

DAŞKENT — DÜŞÜMLI ŞÄHER «7/24.tm», № 38 (69),  20.09.2021.

Ilkinji ABŞ-ly futbolçy

«7/24.tm», № 38 (69),  20.09.2021. Kristian Pulişiç Ýewropanyň Çempionlar ligasynda çykyş eden hem-de bu ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji ABŞ-ly futbolçydyr

Sport — saglygyň sakasy

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işler dünýä nusgalykdyr. Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bedenterbiýe we sport adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup öňe çykdy. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen yzygiderli meşgullanmakda görkezýän göreldesi bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Arkadag Prezidentimiz öz ajaýyp eserlerinde hem her bir adama sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bagtyýar, ruhubelent ýaşamaklygy ündeýär. Şol esasdan, her bir türkmenistanly bu ündewlere eýermekligi borjy saýyp, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuş kadasyna öwürýär. Munuň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem dowamat-dowamdygy bolsa buýsandyryjy hakykatdyr.

Sport we ýaşlar syýasaty

«Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk ýyllarynda sport äleminiň ösüşi barada «Rowaçlanýar bu gün türkmen sporty» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadiony bilen Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi onuň guramaçysy bolup çykyş etdi. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sporty batly gadamlar bilen ösýär. Ýaşyl Baýdagymyzyň astynda türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Milli Liderimiziň türkmen sportuny belent sepgitlere ýetirmek barada durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde türkmen türgenleri ussatlyk ýoluny külterläp, abraýly ýaryşlaryň medallaryna eýe bolýarlar.

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Hormatly Arkadagymyzyň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýurtda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi halkyň sagdyn genofondunyň kemala gelmeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik başlangyçlarynyň, ýurdumyzda sport ulgamynda ýerine ýetirilen beýik işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň netijesinde sportuň dürli görnüşlerine höwesli, başarjaň ýaşlarymyzyň müňlerçesi ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Sportuň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti örän uludyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň şeýle sözleri bar: «Sport hemmeler we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir». Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin gurlan döwrebap desgalaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Iri sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi häzirki wagtda ýaşlarymyzyň iň bir gelim-gidimli, söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, beden we ruhy taýdan sagdyn raýatlar ýurduň we jemgyýetiň egsilmez baýlygy hem-de güýjüdir. Türkmen döwleti häzirki wagtda BMG tarapyndan kabul edilen üçünji Müňýyllygyň maksatnamasynda tutuş adamzadyň ösüşine degişli mesele bolan ynsan saglygyny gorap sak

Türkmen türgeniniň üstünligi

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysynyň wekili Isa Mammetgulýew ITF-niň Bütindünýä tennis ýaryşynyň çägindäki M15 Cairo ýaryşyna gatnaşdy. Ol ýaryş 4 – 12-nji sentýabr aralygynda Müsüriň paýtagty Kairde geçirildi. Ýaryşa Braziliýa, ABŞ, Awstraliýa, Russiýa, Ermenistan, Ispaniýa, Awstriýa, Fransiýa, Hindistan, Taýland, Alžir ýaly döwletleriň wekilleri gatnaşdy.

Bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda adam saglygyna iň gymmatly hazyna hökmünde garalýar. «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» pähiminden ugur alýan halkymyz hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen bedenterbiýäniň we sportuň ynsan durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda olaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmen halky gadym döwürlerde-de beden we ruhy saglygyň esaslaryna ygrarly bolupdyr. Dürli hereketli oýunlar, milli göreş we ýetginjek söweşijileriň harby taýýarlyklary hem saglygyňy berkitmäge esas bolupdyr. Şu günki günlerde ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Dürli ölçeglerdäki sport desgalary, stadionlar, sportuň aýratyn görnüşleri üçin niýetlenen meýdançalar dünýä ülňülerine laýyklanylyp gurulýar. Her bir raýatymyza höwesjeňler derejesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mümkinçiligiň bardygy bolsa ýaşaýyş jaýlarynyň we dynç alyş meýdançalarynyň töwereginde dürli sport desgalarynyň gurulýandygynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda bedenterbiýäniň, sportuň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi milletiň saglygyny dikeltmäge, berk bedenli, belent ruhly we hyjuwly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilendir. Watan goragyna gidýän ýetginjeklerimiz ýaşlykdan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýarlar, dürli tilsimlerden ba

FIFA-nyň onlaýn-maslahaty

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölüminiň wekili Röwşen Muhadow FIFA tarapyndan onlaýn görnüşinde guralan «Täsirli lider» maslahatyna gatnaşdy. Tälimçilik biliminiň menejerleriniň gatnaşmagynda guralýan FIFA-nyň onlaýn-maslahaty üç tapgyrdan ybarat bolup, ýakynda onuň birinjisi geçirildi.

Ringden başlanan ýol

Sportda göze görünmeýän jady bar ýaly. Ol çagalyk ýyllaryňdan başlap şeýle bir özüne çekýär-de, ýüpsüzje baglaýar welin, ondan ýaşyň bir çene baransoňam daşlaşyp biljek gümanyň ýok. Asyl bir ýoluna düşseň, käriňe, wezipäňe garamazdan, diňe bir ýaşlyk däl, eýsem, ömürlik diýen ýaly hemraň bolýar galaýýar eken. Muny her birimiz hut öz durmuşymyzdan çen tutubam aýdyp bileris. Biziň bu günki myhmanymyz Azym Täçmedow hem şeýle ýoly geçen we dowam etdirip ýörenleriň biri bolup çykdy. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminde bölümçe serkerdesi bolup zähmet çekýär. Ine, Azym meniň sportuň ynsan durmuşyndaky orny baradaky gürrüňlerimiň, käte baş atmak bilen, häsini berip otyr. Haçanda taryhda yz goýan meşhur kişileriň durmuşynyň sport bilen bagly sahypalaryna, aýratyn-da, okyjylarymyzyň biriniň belli fransuz kino we teatr ussady Žan-Pol Belmondo hakyndaky çaklaňja makalasynda getirilen delillere gezek ýetende welin, nämüçindir onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ýerinden gobsunyp, çala öňe süýşdi-de gürrüňe goşuldy: — Be-e, Belmondo boks bilen meşgullanypdyr diýsene. Eşitmändirin. Ýöne onuň surata düşen filmleri ýadymda. Şolaň birinde dagy boksçynyň keşbinem şeýle gowy ýerine ýetiripdir. Asyl bu, gör, nireden gelip çykdy...

Taryhda şu gün

Fransiýaly Reno Lawinelliniň 2014-nji ýylda Donesk şäherinde geçirilen bäsleşikde Bubkanyň rekordyny 2 santimetr ýokarlandyrandygyny bellemek gerek. Ýöne fransiýaly türgen şondaky 6,16 metr belentligi ýapyk binalarda geçirilen bäsleşikde gazanypdy. Açyk toplumlardaky rekord bolsa şonda elýetmezliginde galypdy.