Söweş sungatynyň geljekki ussady

20 Sentýabr 2021
1164

Aslynda, uşu sporty Hytaýdaky söweş sungatynyň ähli görnüşleriniň umumy atlandyrylyşydyr. Ol iki sany ieroglifden ybarat bolup: «wu» — söweş, «şu» — sungat, tilsim diýmegi aňladýar. Uşu ilkibada türgenleşiklerde, soňra söweşlerde peýdalanylypdyr. Bu baradaky ilkinji ýazgylara Hytaýyň gadymy edebi miraslarynda duş gelmek bolýar. 1949-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmegi bilen, uşu söweş sungaty sportuň resmi görnüşi hökmünde hasaba alyndy. 

Aşgabat şäherindäki 120-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbangeldi Berdiýew hem alty ýaşyndan bäri Gündogaryň söweş sungaty bolan uşu sporty bilen meşgullanýar. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, ýaş türgen kiçiliginden kakasynyň göwün beren sport görnüşi bilen gyzyklanyp, onuň bilen bilelikde türgenleşmäge başlaýar. Ol kakasyndan öwrenenlerini tejribede synap görmek üçin 2019-njy ýylda ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar hem-de ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolýar.

Gülşat AHUNOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.