Garaşsyzlygyň ýaşytdaşlary

22 Sentýabr 2021
1024

Garaşsyzlygyň ýaşytdaşlary diýlende, elbetde, üç onlugy tegelän ildeşlerimiz göz öňümize gelýär. Olaryň arasynda dürli pudaklarda zähmet çekýänleri bar. Gazetimiziň şu sanynda Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş ildeş türgenlerimiziň gazanan ýokary netijeleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Gülbadam Babamyradowa: ýaş zenan pälwany tanamaýan az bolsa gerek. Gülbadam mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýaşytdaşlarynyň biri. Ol dzýu-do hem-de sambo boýunça halkara derejeli sport ussadydyr. Gülbadam 2011 — 2012-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda sambo boýunça altyn hem-de kümüş medallara eýe boldy. Şeýle-de 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Uniwersiadada guşakly göreşden altyn, sambodan bürünç medala, 2014-nji ýylda Phuketde geçirilen plýaždaky Aziýa oýunlarynda şahsy görnüşde altyn medala, toparlaýynda bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Şol ýylda Aziýa çempionatynda hem altyn medaly eýeledi. Gülbadam diňe bir sambo boýunça üstünlikleri gazanman, şonuň bilen deň derejede dzýu-do boýunça hem öz artykmaçlygyny subut etdi. 2014-nji ýylda Inçhonda geçirilen Aziýa oýunlarynda kümüş, 2016-njy ýylda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallary gazandy. Şeýle-de 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sambo boýunça altyn medala mynasyp boldy. Ezber türgen hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlarynyň hem eýesidir. Ýokary netijelere eýe bolan Gülbadam Babamyradowa häzirki wagtda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde zähmet çekýär.

Gözel GYLYJOWA,
ýörite habarçymyz.