Ringden başlanan ýol

17 Sentýabr 2021
981

Sportda göze görünmeýän jady bar ýaly. Ol çagalyk ýyllaryňdan başlap şeýle bir özüne çekýär-de, ýüpsüzje baglaýar welin, ondan ýaşyň bir çene baransoňam daşlaşyp biljek gümanyň ýok. Asyl bir ýoluna düşseň, käriňe, wezipäňe garamazdan, diňe bir ýaşlyk däl, eýsem, ömürlik diýen ýaly hemraň bolýar galaýýar eken. Muny her birimiz hut öz durmuşymyzdan çen tutubam aýdyp bileris. Biziň bu günki myhmanymyz Azym Täçmedow hem şeýle ýoly geçen we dowam etdirip ýörenleriň biri bolup çykdy. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminde bölümçe serkerdesi bolup zähmet çekýär. Ine, Azym meniň sportuň ynsan durmuşyndaky orny baradaky gürrüňlerimiň, käte baş atmak bilen, häsini berip otyr. Haçanda taryhda yz goýan meşhur kişileriň durmuşynyň sport bilen bagly sahypalaryna, aýratyn-da, okyjylarymyzyň biriniň belli fransuz kino we teatr ussady Žan-Pol Belmondo hakyndaky çaklaňja makalasynda getirilen delillere gezek ýetende welin, nämüçindir onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ýerinden gobsunyp, çala öňe süýşdi-de gürrüňe goşuldy:

— Be-e, Belmondo boks bilen meşgullanypdyr diýsene. Eşitmändirin. Ýöne onuň surata düşen filmleri ýadymda. Şolaň birinde dagy boksçynyň keşbinem şeýle gowy ýerine ýetiripdir. Asyl bu, gör, nireden gelip çykdy...

Goçnazar HEŞDEKOW,
«Türkmen sporty».