Sport syýasatynyň gadamlary

20 Sentýabr 2021
1015

Ezberler ýetişýär

Gahryman Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmek bilen, bu babatda bimöçber işlere badalga berdi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde tutumly işleriň bady artýar. Sport syýasatynyň rowaçlanmagy türkmen halkynyň saglygyny berkitmekde-de, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmakda-da iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir desgalary ýaş türgenleriň islegli mekanyna öwrüldi.