Sport — saglygyň sakasy

18 Sentýabr 2021
1173

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işler dünýä nusgalykdyr. Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bedenterbiýe we sport adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup öňe çykdy. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen yzygiderli meşgullanmakda görkezýän göreldesi bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Arkadag Prezidentimiz öz ajaýyp eserlerinde hem her bir adama sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bagtyýar, ruhubelent ýaşamaklygy ündeýär. Şol esasdan, her bir türkmenistanly bu ündewlere eýermekligi borjy saýyp, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuş kadasyna öwürýär. Munuň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem dowamat-dowamdygy bolsa buýsandyryjy hakykatdyr.

Aýlar MÄMMEDOWA,
Magtymguly etraby, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy.