Sport we ýaşlar syýasaty

17 Sentýabr 2021
949

«Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk ýyllarynda sport äleminiň ösüşi barada «Rowaçlanýar bu gün türkmen sporty» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadiony bilen Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi onuň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sporty batly gadamlar bilen ösýär. Ýaşyl Baýdagymyzyň astynda türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Milli Liderimiziň türkmen sportuny belent sepgitlere ýetirmek barada durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde türkmen türgenleri ussatlyk ýoluny külterläp, abraýly ýaryşlaryň medallaryna eýe bolýarlar.