"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sport syýasatynyň gadamlary

Ygtybarly ýol Bedenterbiýe we sport sagdynlygyň ygtybarly ýoly bolup, bu ýörelgä eýerýänleriň bedeni berk, ruhy belent bolýar. Şonuň üçinem Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty il-günümiziň saglygyny goramakda, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, şähdaçyklygyň hemmeleriň hemrasy bolmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Şu syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen döwrebap stadionlar, dürli sport desgalary, sport mekdepleri we atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Guwançly ýerem, olara gatnaýan ýaş türgenleriň sanynyň barha artýanlygydyr.

ÝEŇLIŞLI ÝEKŞENBE

Geçen hep­dä­niň soň­ky gü­nün­de Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da sa­na­wyň li­der­le­ri ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­du­lar. Du­şu­şyk­la­ryň äh­li­si­niň-de ýek­şen­be gü­ni, ýag­ny 3-nji okt­ýabr­da bol­ma­gy we utu­lan­la­ryň kö­pü­si­niň-de öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňil­me­gi ün­si aý­ra­tyn özü­ne çek­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, utu­lan to­par­la­ryň kä­bir­le­ri hep­dä­niň si­şen­be we çar­şen­be gün­le­ri oý­na­lan Çem­pi­on­lar Li­ga­sy du­şu­şyk­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. As­lyn­da sa­na­wyň li­der­le­ri ýa-da güýç­li klub­lar pes to­par­lar­dan wag­tal-wag­tal ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ýe­ňil­ýär­ler we bu fut­bol­da he­mi­şe-de bolýan ýagdaý. Ýö­ne şol ýeň­liş­le­riň ýek­şen­be gü­ni, üs­te­si­ne-de, birmeň­zeş wagt­lar­da bol­ma­gy se­bäp­li bu ýeň­liş­ler fut­bo­lyň ta­ry­hy­na ady­ny «ga­ra ýek­şen­be» hök­mün­de ýaz­dyr­dy. Ýekşenbe gü­nüniň il­kin­ji sýurp­ri­zi Fran­si­ýa­dan ge­lip go­wuş­dy. 8 oýun­dan bä­ri çem­pio­nat­da ýe­ňil­män gel­ýän we Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da-da güýç­li gar­şy­da­şy «Man­çes­ter Si­ti­ni» ýe­ňen PSŽ myh­man­çy­lyk­da «Renn­den» 2–0 utul­dy. Bi­rin­ji ýa­ry­myň ahy­ryn­da we 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da ge­çir­den gol­la­ryn­dan soň PSŽ şu möw­süm­de il­kin­ji ýo­la ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Üs­te­si­ne-de, su­per ýyl­dyz­la­ry­nyň äh­li­si­niň çy­kyş eden­di­gi­ne ga­ra­maz­dan.

8 tap­gyr­da 9 tä­lim­çi ça­lyş­dy

Soň­ky ýyl­lar­da köp tä­lim­çi çal­şy­ryl­ýan çem­pio­nat­la­ryň bi­ri hök­mün­de gö­rül­ýän Tür­ki­ýä­niň «Sü­per Li­gi» bu öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny şu möw­süm­de-de do­wam et­dir­ýär. 8 tap­gy­ry ta­mam­la­nan çem­pio­nat­da eý­ýäm 9 to­par tä­lim­çi­si­ni ça­lyş­dy. Soň­ky hep­dä­niň do­wa­myn­da 3 to­par tä­lim­çi­si­ni we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. Aý­kut Ko­ja­ma­ny ug­ra­dan «Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir» to­pa­ryn­dan soň, «Ýe­ni Ma­lat­ýas­por» Ir­fan Bu­zy, «An­tal­ýas­por» hem Er­sun Ýa­na­ly klub­dan ug­rat­dy. Hä­zir­lik­çe soň­ky 3 klub­dan di­ňe «Is­tan­bul Ba­şak­şe­hi­riň» tä­ze tä­lim­çi­si bel­li bo­lup, stam­bul­ly­lar Ko­ja­ma­nyň or­nu­na Em­re Be­lö­zog­lu­ny we­zi­pä bel­le­di. Möw­sü­miň il­kin­ji tä­lim­çi çal­şan to­pa­ry «Ka­sym­pa­şa» bo­lup, çem­pio­nat baş­la­nyn­dan 2 gün soň Şe­nol Ja­ny ug­ra­dyp­dy. «Kaý­se­ris­por» hem Ýal­çyn Ko­şu­ka­wa­gyň oru­na Hik­met Ka­ra­ma­ny, ýyl­dyz trans­fer­le­ri bi­len hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çe­ken we 26 ýyl­dan soň «Sü­per Li­ge» do­la­nan «Ada­na De­mirs­por» Sa­met Aý­ba­ba­ny ko­wup, ýe­ri­ne ita­li­ýa­ly Win­çen­zo Mon­tel­la­ny we­zi­pä bel­läp­di. «Göz­te­pe» Ünal Ka­ra­ma­ny ser­bi­ýa­ly Nes­tor El Maest­ro bi­len ça­lyş­dy. «Alan­ýas­por­da» hem Çag­daş Ata­nyň de­re­gi­ne Bü­lent Kork­maz, 22-nji sent­ýabr­da-da iň aşa­ky orun­da bar­ýan «Çaý­kur Ri­zes­por­da» Bü­lent Uý­gu­nyň or­nu­na-da Ham­za Ham­za­

3 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek ýe­ňil­di

UEFA Mil­let­ler Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­lyň bi­rin­ji du­şu­şy­gy oý­nal­dy. Ita­li­ýa­nyň Mi­lan şä­he­rin­dä­ki «San Si­ro» sta­dio­nyn­da oý­na­lan oýun­da Ita­li­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da is­pan­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňi­ş ga­zan­dy. Is­pan­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň iki­si­ni-de Oýar­za­ba­lyň pas­la­ryn­dan soň Fer­ran Tor­res (17, 45+1) der­we­zä gi­riz­di. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ka­pi­ta­ny hök­mün­de meý­dan­ça çy­kan Leo­nar­do Bo­nuç­çi 30-njy we 41-nji mi­nut­lar­da sa­ry kart we ne­ti­je­de gy­zyl kart alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. Oý­nuň 83-nji mi­nu­tyn­da Lo­ren­zo Pel­leg­ri­ni­niň ge­çi­ren go­ly ital­ýan­la­ra ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şeý­le­lik­de, Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň 37 oýun­lyk ýeň­liş­siz ýö­ri­şi ta­mam­lan­dy. 3 ýyl­dan gow­rak wagt­dan soň il­kin­ji ýo­la utu­lan Ita­li­ýa şol 37 oýun­da 28 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, 9 sa­par deň­me-deň oý­na­dy. Şol oýun­lar­da 93 gol ge­çi­rip, 12 gol ge­çirt­di. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bu du­şu­şyk­dan öň soň­ky ge­zek 2018-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Por­tu­ga­li­ýa­dan as­gyn ge­lip­di. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy şu du­şu­şy­ga çen­li yz­ly-yzy­na 40 oýun­dan bä­ri 2 gol ge­çirt­män gel­ýär­di.

2 ýaryş galdy

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Finl­ýan­di­ýa­da ge­çi­ril­di. 19 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan bäs­le­şik­de «Toyo­ta Ga­zoo Racing» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si El­fin Ewans ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 287,11 ki­lo­metr ara­ly­gy 2 sa­gat 19 mi­nut 13,7 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­de 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ 5-nji sa­par mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Ýa­ryş­da 2–3-nji orun­la­ry «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri – es­to­ni­ýa­ly Ott Ta­nak (2:19:27,8) bi­len ir­lan­di­ýa­ly Kreýg Brin (2:19:55,9) paý­laş­dy­lar. Sa­na­wyň li­de­ri fran­si­ýa­ly sü­rü­ji Se­bas­ti­an Ožie 5-nji ýer bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Ta­mam­la­nan 10 ýa­ryş­dan soň Ožie 190 utuk bi­len öň­de bar­ýar. Ewan­syň 166, Ti­er­ri Noý­wil­liň 130 utu­gy bar. Ýe­ne-de 2 ýa­ryş­dan ta­mam­lan­jak Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 11-nji bäs­le­şi­gi Ka­ta­lun­ýa Ral­li­si 14–17-nji okt­ýabr­da Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.

41-nji Lon­don ma­ra­fo­ny ge­çi­ril­di

Şu ýyl 41-nji ge­zek ge­çi­ri­len Lon­don ma­ra­fo­nyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da efio­pi­ýa­ly Si­saý Lem­ma ýe­ňi­ji bol­dy. Bu onuň uly ma­ra­fon­lar­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­dir. Ol pel­le­ha­na 2 sa­gat 04 mi­nut 01 se­kuntda ge­lip, ke­ni­ýa­ly Win­sent Kip­çum­ba­dan (02:04:28) hem-de efio­pi­ýa­ly Mo­si­net Ge­re­mew­den (02:04:41) öňe saý­lan­dy. Dün­ýä­niň 6 uly ma­ra­fon ýa­ry­şy­nyň bi­ri bo­lan bu bäs­le­şik­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ke­ni­ýa­ly Joý­si­lin Jep­kos­gei ýe­ňiş ga­zan­dy. 28 ýa­şyn­da­ky tür­gen ýa­ry­şy 2 sa­gat 17 mi­nut 43 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň 2019-njy ýyl­da­ky Nýu Ýork ma­ra­fo­nyn­dan soň ikin­ji uly ma­ra­fon ýeň­şi­dir. Ýa­ryş­da 2–3-nji ýer­le­ri efio­pi­ýa­ly yl­gaý­jy­lar – De­gi­tu Azi­me­raw (02:17:58) bi­len Aşe­te Be­ke­re (02:18:18) eýe­le­di­ler. Mun­dan öň­ki iki bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si Bri­gid Kos­gei bu ge­zek 4-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy.

Fut­zal­da tä­ze çem­pi­on

Fut­zal bo­ýun­ça Lit­wa­da ge­çi­ri­len 9-njy FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Por­tu­ga­li­ýa fi­nal­da mun­dan öň­ki bäs­le­şi­giň çem­pio­ny Ar­gen­ti­na­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 15-nji we 28-nji mi­nut­lar­da Pa­ny Wa­re­la der­we­zä gi­riz­di. Ar­gen­ti­na­nyň ýe­ke-täk go­lu­ny-da 28-nji mi­nut­da Klau­di­nio öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 9-njy ge­zek ge­çi­ri­len Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da il­kin­ji sa­par çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Ga­za­gys­tan bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şyp, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň we­ki­li 4-2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Sam­ba­çy­la­ryň gol­la­ry­ny Taý­nan (25 ö.d.), Rod­ri­go (32), Fer­rao (34) hem-de Le (35) ge­çir­di. Ga­zak­la­ryň adyn­da­nam Gu­it­ta (12 ö.d.) bi­len Taý­nan (31) ta­pa­wut­lan­dy. Bra­zi­li­ýa ýa­rym fi­nal­da Ar­gen­ti­na­dan 2-1, Ga­za­gys­tan bol­sa Por­tu­ga­li­ýa­dan (2-2, 4-3 p) as­gyn ge­lip­di.

Mar­ke­siň 58-nji ýeň­şi

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 15-nji ýa­ry­şy ABŞ-nyň Os­tin şä­he­rin­dä­ki «Ame­ricas» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 20 aý­la­wy 41 mi­nut 41,435 se­kunt­da ta­mam­lan «Rep­sol Hon­da» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 58-nji ýeň­şi­dir. Ýa­ryş­da sa­na­wyň li­de­ri, fran­si­ýa­ly pi­lot Fa­bio Kua­ta­ra­ro («Mons­ter Ener­gy Ya­ma­ha») 4,679 se­kunt gi­jä ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan pi­lo­ty Fran­çes­ko Ba­naia 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 3 tap­gyr ga­lan­da, Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro 254 utuk bi­len bi­rin­ji orun­da bar­ýar. Fran­çes­ko Ba­naia 202 utuk bi­len 2-nji, is­pa­ni­ýa­ly Žo­an Mir 175 utuk top­lap, 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şy 24-nji okt­ýabr­da Ita­li­ýa­nyň Bo­lon­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.

HAÝSY ÝURTDAN NÄÇE KLUB ÇYKYŞ EDÝÄR?

Ýew­ro­pa fut­bo­ly­nyň ho­ja­ýyny UEFA şu möw­sü­me çen­li 22 ýyl­lap di­ňe 2 klub ýa­ry­şy­ny gu­rap gel­di. Ýö­ne şu möw­süm­den baş­lap, ozal­ky­lar ýa­ly bäs­le­şik­le­riň sa­ny ýe­ne-de üçe çy­ka­ryl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da gu­rap gel­ýän 2 uly ýa­ry­şy bi­len bir ha­tar­da, 1999-njy ýyl­da ýa­ty­ry­lan Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy bäs­le­şi­gi hem bar­dy. Ine, ýe­ne-de 3 bäs­le­şik bo­lup, UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar we bu ýa­ryş yk­ly­myň aşa­ky orun­lar­da­ky çem­pio­nat­la­ry­nyň klub­la­ry üçin göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. El­bet­de, UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li klub ýa­ry­şy, gür­rüň­siz, bü­tin dün­ýä­de äh­li fut­bol muş­da­gy­ny di­ýen ýa­ly özü­ne ben­di ed­ýän Çem­pi­on­lar Li­ga­sy bäs­le­şi­gi­dir. Ýew­ro­pa Li­ga­sy (ozal­ky UEFA Li­ga­sy) ýa­ry­şy-da UEFA-nyň ikin­ji de­re­je­li klub bäs­le­şi­gi hök­mün­de gö­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da her ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da, has ta­ky­gy, to­par­ça­lar­da çy­kyş ed­ýän klub­la­ryň sa­ny 32-ä deň­dir. Şeý­le­lik­de, je­mi 96 klub sent­ýab­ryň or­ta­la­ry­na baş­lap, de­kabr aýy­nyň baş­la­ry­na-da ta­mam­lan­ýan to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ryn­da çy­kyş ed­ýär. 96 klub 36 ýur­da we­kil­çi­lik edip, ola­ryň ara­syn­da Er­me­nis­tan, Gib­ral­tar, Es­to­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň klub­la­ry il­kin­ji sa­par UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da to­par­ça­la­r

Italýan düýşi tamamlandy, 3 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňildi

UEFA Milletler Ligasynda ýarym finalyň birinji duşuşygy oýnaldy. Italiýanyň Milan şäherindäki San Siro stadionynda oýnalan oýunda Italiýa bilen Ispaniýa duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly bolan oýunda ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ispanlara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de Oýarzabalyň paslaryndan soň Ferran Torres (17, 45+1) derwezä girizdi. Italiýanyň ýygyndysynyň kapitany hökmünde meýdança çykan Leonardo Bonuççi 30-njy we 41-nji minutlarda sary kart alyp, gyzyl kartdan soň meýdançadan çykaryldy. Oýnuň 83-nji minutynda Lorenzo Pellegrininiň geçiren goly italýanlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Italiýanyň 37 oýunlyk ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy. 3 ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji utulan Italiýa şol 37 oýunda 28 gezek ýeňiş gazanyp, 9 sapar deňme-deň oýnady. Şol oýunlarda 93 gol geçirip, 12 gol geçirtdi. Italiýanyň ýygyndysy bu duşuşykdan öň soňky gezek 2018-nji ýylyň sentýabrynda Portugaliýadan asgyn gelipdi. Italiýanyň ýygyndysy şu duşuşyga çenli yzly-yzyna 40 oýunda 2 gol geçirtmän gelýärdi.

“Barselona” ýarym milliard ýewro golaý zyýana galdy

Ispaniýanyň öňdebaryjy klublaryndan Barselona geçen möwsümiň maliýe hasabatyny mälim etdi. Şoňa görä klub geçen 2020/2021 möwsüminde 481 million ýewrolyk zyýan çekipdir we bu görkeziji klubuň taryhynda soňky ýyllardaky iň ýokary görkezijidir. Ondan öňki möwsüme görä girdejisi 224 million ýewro azalan topara pandemiýanyň gönüden-göni beren zyýany 181 million ýewro diýlip kesgitlenildi. Kluby dolandyryş çykdajylary ozalky möwsüme garanyňda 19 göterim artyp, 1 milliard 136 million ýewro çykdy. Şeýle-de toparyň transfer girdejilerinde-de 92 million ýewro möçberinde pese gaçyşlyk bolup, kluba transferlerden bary-ýogy 56 million ýewro girdeji almak başartdy.

Ýaşlarda sporta höwes bar

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda sporta berilýän üns hem ýokary derejelere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi bu ugurdaky buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň türgenlerinden Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agramda agyr atletika boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, kümüş medala mynasyp boldy. Bu Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ilkinji netije hormatly Prezidentimiziň sporta berýän ünsüniň türgenlerimiz üçin döredýän giň şertleriniň netijesidir. Türgenlerimiz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläpdiler.

Sport — güýç-kuwwatyň kepilidir

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak, saglygy berkitmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her bir raýaty üçin örän möhümdir. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagynda hem bu barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça özüniň gymmatly maslahatlaryny bermek bilen, sportuň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlykdyr we ruhubelentlikdir. Ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda welaýatyň çäginde 10.000 orunlyk köpugurly sport toplumy we 1.500 orunlyk sport desgalarynyň 6-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem sport mekdepleriniň, desgalarynyň birnäçesiniň durky täzelenildi. Şeýlelikde häzirki wagtda welaýatymyzda sport mekdepleriniň 51-si we sport desgalarynyň 7-si hereket edýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynda we mekdeplerinde dürli hili ýaryşlary ge

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ynanyşmagyň we jebisligiň ýurdudyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen geçýän şu ýylda hem ýurdumyzyň türgenleri halkara bäsleşiklere, Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Munuň özi, eziz Diýarymyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi we dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemäge ukyply türgenleriň taýýarlanmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň saglygy, beden taýdan sagdyn, ýokary ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ygrarly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe ileri tutýan wezipeleri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galar. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry bolup durýar.

Türkmenistan Ýewraziýanyň sport kartasynda

 «7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021. TÜRKMEN TOPARYNDAN UTULAN «ŞERIF» DÜNÝÄNI GEŇ GALDYRÝAR

Boksda Ýewraziýanyň wekilleri çempion bolýarlar

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021. Professional boksda amerikaly (esasan, garaýagyz) boksçularyň ringde agalyk edýän döwürleri ýetişen nesil üçin başga yklymlaryň, onda-da Ýewraziýanyň wekilleriniň çempion bolmagy bilen olar nähilem bolsa, bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärler. Ozalky soýuzyň hataryndaky Respublikalaryň özbaşdak ösüş ýoluna düşmekleri olaryň türgenleriniň dürli ugurlarda tapawutlanyp başlamaklaryna getirdi. Karpow bilen Kasparowyň arasyndaky küşt döwüşlerine syn edip, şol duşuşyklara 2K diýip at berilýän wagty Özbegistandan Kasymjanow dünýä täjine eýelik edip, 3K jümlesi hakynda pikir öwürmäge mejbur etdi. Emma biz ýene-de boksa dolananymyzy kem görmeýäris.

Tutanýerli türgen

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türgenlerimiz geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy dünýä ýüzünde parlatmagy başarýarlar. Şeýle türgenler ýurdumyzyň her künjeginde ýetişip, olar Watanymyzyň sport abraýyna öz goşandyny goşmak üçin irginsiz türgenleşýärler. Sporty özüne hemra edinen şeýle türgenlerimiziň biri hem Jahan Muhammedowadyr. 

Boljak oglan 15-inde baş bolar

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021. Milli ýygyndylaryň oýunlary tamamlanyp, ýene-de milli çempionatlaryň duşuşyklary badalga aldy. Ispaniýada Walensiýa-Real duşuşygy boldy. Ispaniýada geçen «ägirtleriň duşuşygynda» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «korol klubynyň» düzümindäki braziliýaly Winisius Žunior 1 gol salyp, 1 gola hem ýardam berip, toparynyň 3 utuk almagyna goşandyny goşdy. Biz hem ýaş ýyldyz barada käbir maglumatlar bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Arzuwyna ýeten yhlasly türgen

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021. Garmämmet Şamämmedow Bereket şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň 4-nji synpynda okap yören wagty türkmen milli göreşi bilen gyzyklanyp ugrady.Ol öz deň-duşlary bilen etrabyň sport mekdebiniň türkmen milli göreşi boýunça gurnagyna ýazyldy.Oňa sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazmämmet Garajaýew tälim berip başlady.

Türkmen sportunyň şöhraty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sporty ösýär, şan-şöhraty arşa göterilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketlerini ösdürmek, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalaryny, şol sanda köpugurly sport toplumlaryny, häzirki zaman stadionlaryny, sport meýdançalaryny, sport mekdeplerini gurdurmak ugrundaky tagallalarynyň miweleridir. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda sport mekdepleriniň 117-siniň, sport desgalarynyň 86-synyň gurlandygyny belläp geçmegi hem bu ugra uly ünsüň berilýändigini görkezýär. «Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň hut özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak arkaly, ildeşlerimize nusgalyk görelde bolýar. Şoňa görä-de, raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sporty özüne hemra edinýänleriň sany barha artýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň nowjuwan keşbine görk goşýan Olimpiýa şäherçesindäki, Aşgabatdaky we ýurdumyzyň sebitlerindäki beýleki sport desgalarynyň sporta höwesli ýaşlaryň, türgenleriň