HAÝSY ÝURTDAN NÄÇE KLUB ÇYKYŞ EDÝÄR?

8 Oktýabr 2021
989

Ýew­ro­pa fut­bo­ly­nyň ho­ja­ýyny UEFA şu möw­sü­me çen­li 22 ýyl­lap di­ňe 2 klub ýa­ry­şy­ny gu­rap gel­di. Ýö­ne şu möw­süm­den baş­lap, ozal­ky­lar ýa­ly bäs­le­şik­le­riň sa­ny ýe­ne-de üçe çy­ka­ryl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da gu­rap gel­ýän 2 uly ýa­ry­şy bi­len bir ha­tar­da, 1999-njy ýyl­da ýa­ty­ry­lan Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy bäs­le­şi­gi hem bar­dy. Ine, ýe­ne-de 3 bäs­le­şik bo­lup, UEFA-nyň tä­ze ýa­ry­şy Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar we bu ýa­ryş yk­ly­myň aşa­ky orun­lar­da­ky çem­pio­nat­la­ry­nyň klub­la­ry üçin göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. El­bet­de, UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li klub ýa­ry­şy, gür­rüň­siz, bü­tin dün­ýä­de äh­li fut­bol muş­da­gy­ny di­ýen ýa­ly özü­ne ben­di ed­ýän Çem­pi­on­lar Li­ga­sy bäs­le­şi­gi­dir. Ýew­ro­pa Li­ga­sy (ozal­ky UEFA Li­ga­sy) ýa­ry­şy-da UEFA-nyň ikin­ji de­re­je­li klub bäs­le­şi­gi hök­mün­de gö­rül­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da her ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da, has ta­ky­gy, to­par­ça­lar­da çy­kyş ed­ýän klub­la­ryň sa­ny 32-ä deň­dir. Şeý­le­lik­de, je­mi 96 klub sent­ýab­ryň or­ta­la­ry­na baş­lap, de­kabr aýy­nyň baş­la­ry­na-da ta­mam­lan­ýan to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ryn­da çy­kyş ed­ýär. 96 klub 36 ýur­da we­kil­çi­lik edip, ola­ryň ara­syn­da Er­me­nis­tan, Gib­ral­tar, Es­to­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň klub­la­ry il­kin­ji sa­par UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da to­par­ça­la­ra gat­naş­ýar. Mol­do­wa hem Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na klub ug­ra­dan 34-nji ýurt bol­dy. Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 15, Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da 20, Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da 26 ýur­duň klu­by çy­kyş ed­ýär.