Boksda Ýewraziýanyň wekilleri çempion bolýarlar

4 Oktýabr 2021
1019

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021.

Professional boksda amerikaly (esasan, garaýagyz) boksçularyň ringde agalyk edýän döwürleri ýetişen nesil üçin başga yklymlaryň, onda-da Ýewraziýanyň wekilleriniň çempion bolmagy bilen olar nähilem bolsa, bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärler. Ozalky soýuzyň hataryndaky Respublikalaryň özbaşdak ösüş ýoluna düşmekleri olaryň türgenleriniň dürli ugurlarda tapawutlanyp başlamaklaryna getirdi. Karpow bilen Kasparowyň arasyndaky küşt döwüşlerine syn edip, şol duşuşyklara 2K diýip at berilýän wagty Özbegistandan Kasymjanow dünýä täjine eýelik edip, 3K jümlesi hakynda pikir öwürmäge mejbur etdi. Emma biz ýene-de boksa dolananymyzy kem görmeýäris.

Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.