Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümiň 10-njy ýaryşy Finlýandiýada geçirildi. 19 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde «Toyota Gazoo Racing» toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewans ýeňiş gazandy. Ol 287,11 kilometr aralygy 2 sagat 19 minut 13,7 sekuntda tamamlap, şu möwsümde 2-nji, karýerasynda 5-nji sapar münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ýaryşda 2–3-nji orunlary «Hyundai Shell Mobis» toparynyň sürüjileri – estoniýaly Ott Tanak (2:19:27,8) bilen irlandiýaly Kreýg Brin (2:19:55,9) paýlaşdylar. Sanawyň lideri fransiýaly sürüji Sebastian Ožie 5-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.
Tamamlanan 10 ýaryşdan soň Ožie 190 utuk bilen öňde barýar. Ewansyň 166, Tierri Noýwilliň 130 utugy bar. Ýene-de 2 ýaryşdan tamamlanjak Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 11-nji bäsleşigi Katalunýa Rallisi 14–17-nji oktýabrda Ispaniýada geçiriler.