Sagdyn durmuş ýörelgesi

5 Oktýabr 2021
1075

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, ynanyşmagyň we jebisligiň ýurdudyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen geçýän şu ýylda hem ýurdumyzyň türgenleri halkara bäsleşiklere, Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Munuň özi, eziz Diýarymyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi we dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemäge ukyply türgenleriň taýýarlanmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkyň saglygy, beden taýdan sagdyn, ýokary ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ygrarly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe ileri tutýan wezipeleri bolupdy we şeýle bolmagynda-da galar.

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry bolup durýar.

Rahat ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň bedenterbiýe mugallymy.