Italýan düýşi tamamlandy, 3 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňildi

8 Oktýabr 2021
987

UEFA Milletler Ligasynda ýarym finalyň birinji duşuşygy oýnaldy. Italiýanyň Milan şäherindäki San Siro stadionynda oýnalan oýunda Italiýa bilen Ispaniýa duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly bolan oýunda ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ispanlara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de Oýarzabalyň paslaryndan soň Ferran Torres (17, 45+1) derwezä girizdi. Italiýanyň ýygyndysynyň kapitany hökmünde meýdança çykan Leonardo Bonuççi 30-njy we 41-nji minutlarda sary kart alyp, gyzyl kartdan soň meýdançadan çykaryldy. Oýnuň 83-nji minutynda Lorenzo Pellegrininiň geçiren goly italýanlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Şeýlelikde, Italiýanyň 37 oýunlyk ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy. 3 ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji utulan Italiýa şol 37 oýunda 28 gezek ýeňiş gazanyp, 9 sapar deňme-deň oýnady. Şol oýunlarda 93 gol geçirip, 12 gol geçirtdi. Italiýanyň ýygyndysy bu duşuşykdan öň soňky gezek 2018-nji ýylyň sentýabrynda Portugaliýadan asgyn gelipdi. Italiýanyň ýygyndysy şu duşuşyga çenli yzly-yzyna 40 oýunda 2 gol geçirtmän gelýärdi.