"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki çykyşy

(Daşkent şäheri, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet ýolbaşçylary!

Hormatly Prezidentimiz YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi. «Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-niň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bar bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

«Türkmentel — 2023» atly halkara sergi we ylmy maslahat Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerine iberilýän gazyň we elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga taýýardyr

Hormatly Prezidentimiz YHG-nyň 16-njy sammitine gatnaşdy Aşgabat — Daşkent — Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

«Türkmentel — 2023» atly halkara sergi we ylmy maslahat Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Milli telekommunikasiýa ulgamynyň ýeten sepgitleri

nobatdaky gözden geçirilişde öz beýanyny tapýar Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty badalga aldy. Nobatdaky gözden geçirilişde milli telekommunikasiýa ulgamynyň ýeten sepgitleri bilen bir hatarda, geljekki mümkinçilikleri görkezildi. Biz hem halkara forumda öz önümleridir hödürleýän hyzmatlaryny ýaýbaňlandyran dürli düzümleriň wekilleri bilen pikir alşyp, olaryň gürrüňlerini ýazga geçirdik.

Altytaraplaýyn forum — hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasy

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Çäräniň gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi türkmen döwletine goýulýan hormatyň nyşanydyr, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu formata gatnaşyjylaryň öňde durýan maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Halklary ýakynlaşdyrýan köpri

Golaýda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Medeni çäräniň ilkinji gününde Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä iki ýurduň medeniýet, ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady

9-10-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty birinji iş gününe başlady. «Türkmenel—2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň 200-den gowrak wekilleri gatnaşýar.  

Söwda hyzmatdaşlygynda ümzük ileri

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran sapary möhüm netijelere baý boldy. Şunda döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýokarlandyrylmagy esasy göz öňünde tutulan wezipeleriň biridir. Ilkinji nobatda, bu saparyň türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýtmak gerek. Türkmenistan we Gazagystan bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda degişli çäreleri görýärler. Şunuň bilen birlikde söwda gatnaşyklarynda ulanylmaýan mümkinçilikleri hem işjeňleşdirip, ýyllyk haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip eden anyk çäreleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak, iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşýar. Ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan «Tashkent City» Halkara işewürlik merkezininiň Kongres merkezinde wekiliýet ýolbaşçylarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, YHG-nyň 16-njy sammitiniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Daşkende geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmak üçin, sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine geldi. Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, Daşkent şäheriniň häkimi Ş.Umurzakow, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak ýörelgelerine eýermek bilen, bu däpleri nesilden-nesle geçirip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp, Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan şu ýylyň noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybaratdyr.

Türkmenistan Yrak Respublikasyna tebigy gazy eksport eder

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden “swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýtagtymyzda aragatnaşyk boýunça GDA azga ýurtlarynyň maslahaty geçirildi

8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda  GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Maglumat boýunça GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň  ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmeklik maslahatlaşyldy

Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobeska duşenbe güni Buharestde resmi saparda bolýan Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Onuň barşynda Odobeska Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini tiz wagtda işe girizmek meselelerini maslahatlaşmagyň wajyplygyny nygtady. “Veridica” neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyç Gara we Hazar deňizleriniň portlaryny Gündogar – Günbatar üstaşyr ulag geçelgesinde möhüm merkezlere öwrüp, Günorta Kawkaz, Merkezi Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerinden täze goşmaça ýükleri çekmäge mümkiçilik berer diýip, daşary işler ministri Luminisa Odobeska belledi.

Gyrgyzystan we Eýran Türkmenistanyň üstünden geçýän geçelgede hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Häzirki wagtda Eýranyň Bandar-Abbas deňiz portundan Gyrgyzystanyň Oş şäherine konteýner daşamak üçin synag demir ýolunyň açylmagy öwrenilýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýew Daşkentde YHG-ä agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisiniň çäginde mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berýär. Ol bu ugruň «Eýran — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» ugrunyň bir bölegidigini aýtdy.

Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: täze gözýetimleri nazarlap

Halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatdaky hyzmatdaşlyk köpugurly bolup, ählumumy hem-de sebitleýin howpsuzlyk, durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, maksatlaryň, wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga sebit ösüşiniň oňyn şertleriniň biri hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz bu gurama agza döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli dowam etdirýär. 8-9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde geçiriljek YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde bu guramanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini agza döwletleriň hem-de dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin peýdalanmagyň geljegi uly ugurlary öz beýanyny tapar.

Türkmen-Hytaý gatnaşyklary: ylmy-tehniki ulgamda tejribeler alşylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşiň, parahatçylykly durmuşyň hatyrasyna döretmek, gurmak babatda öňe sürýän we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň halkara guramalar, dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň ygtybarly köprüsi has-da berkidilýär. Taryhy we medeni kökleriň, hoşniýetli ýörelgeleriň umumylygy arkaly berk baglanyşykly bolan bu döwlet bilen ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan we Hytaý söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar biziň halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýär.