Altytaraplaýyn forum — hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasy

9 Noýabr 2023
556

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr.

Çäräniň gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi türkmen döwletine goýulýan hormatyň nyşanydyr, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu formata gatnaşyjylaryň öňde durýan maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklaýar.