Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmeklik maslahatlaşyldy

8 Noýabr 2023
590

Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobeska duşenbe güni Buharestde resmi saparda bolýan Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Onuň barşynda Odobeska Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini tiz wagtda işe girizmek meselelerini maslahatlaşmagyň wajyplygyny nygtady.

“Veridica” neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyç Gara we Hazar deňizleriniň portlaryny Gündogar – Günbatar üstaşyr ulag geçelgesinde möhüm merkezlere öwrüp, Günorta Kawkaz, Merkezi Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerinden täze goşmaça ýükleri çekmäge mümkiçilik berer diýip, daşary işler ministri Luminisa Odobeska belledi.