Türkmen-Hytaý gatnaşyklary: ylmy-tehniki ulgamda tejribeler alşylýar

8 Noýabr 2023
517

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşiň, parahatçylykly durmuşyň hatyrasyna döretmek, gurmak babatda öňe sürýän we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň halkara guramalar, dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň ygtybarly köprüsi has-da berkidilýär. Taryhy we medeni kökleriň, hoşniýetli ýörelgeleriň umumylygy arkaly berk baglanyşykly bolan bu döwlet bilen ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistan we Hytaý söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar biziň halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýär.

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň lukmançylyk ylymlary bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.