Halklary ýakynlaşdyrýan köpri

9 Noýabr 2023
544

Golaýda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.

Medeni çäräniň ilkinji gününde Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä iki ýurduň medeniýet, ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.