Gyrgyzystan we Eýran Türkmenistanyň üstünden geçýän geçelgede hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

8 Noýabr 2023
517

Häzirki wagtda Eýranyň Bandar-Abbas deňiz portundan Gyrgyzystanyň Oş şäherine konteýner daşamak üçin synag demir ýolunyň açylmagy öwrenilýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýew Daşkentde YHG-ä agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisiniň çäginde mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berýär.

Ol bu ugruň «Eýran — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» ugrunyň bir bölegidigini aýtdy.