"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Syýahatçylyk ulgamynyň gadamlary

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň ençemesi paýtagtymyza geldiler. Ir bilen myhmanlar halkara derejeli forumyň öňüsyrasynda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň foýesinde guralan ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini şöhlelendirýän serginiň işi bilen tanyşdylar. Halkara maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda bellenilişi ýaly, halkara derejeli şeýle maslahatlaryň geçirilmegi geljekde Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge ýakyndan ýardam berer. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän möhüm işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma mynasyp bolýar. Maslahatyň dowamynda bular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi hem-de pikir alşyldy. Şeýle hem, halkara maslahatyň çäklerinde «tegelek stoluň» başynda syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar, Türkmen döwlet medeniýet institutynda daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylyk ugry boýunça bilim berýän mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Syýahatçylyk ugrunda halkara hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu geçirilýän halkara maslahaty ýurdumyzda syýahatçylyk işini utgaşdyrmak boýunça halkara ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» mazmuny bilen tanşanyňda, bu möhüm ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň kesgitlenendigini görmek bolýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda 2024-nji ýylyň 25-nji martynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky çuň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamasyna, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

“Türkmenistan türki giňişlikde medeni dialogy ilerledýär”

Sultan RAÝEW,Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary:

Syýahatçylyk — halkara gatnaşyklaryň wajyp ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda syýahatçylygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyndaky Karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» mazmuny bilen tanşanyňda, bu möhüm ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň kesgitlenendigini görmek bolýar. Maksatnama syýahatçylyk işini utgaşdyrmak boýunça halkara ulgamy ösdürmäge, şol sanda ýerli hyzmat pudagyny berkitmek üçin telekeçilere, haryt öndürijilere we sarp edijilere, işewürlik işiniň ähli ugurlarynyň wekillerine goldaw bermek boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygy bu ugurda gatnaşyklary pugtalandyryp, aýratyn hem, syýahatçylyk akymlarynyň möçberini artdyryp, dürli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine oňaýly täsir eder.

Hoş habaryň şatlygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz günsaýyn gülläp ösýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýar. Geçen şenbe güni hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hakdaky şatlykly hoş habaryň aýdylmagy hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasatynyň barha rowaçlanmagy bagtyýar türkmen halkyny juda buýsandyrýar. Bu gün döwletimiz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäde parahatçylygy berkitmek, ähli halklaryň birek-birege hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tagallalaryny öňe sürýär we bu ugurlarda hemmelere nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Preziden

Änew medeniýetiniň milli öwüşginleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Uly rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa özüniň guwandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny barha baýlaşdyryp dur. Şeýle wakalaryň biri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly nobatdaky kitabyny halkymyza peşgeş bermegidir. Mälim bolşy ýaly, bu şatlykly habary döwlet Baştutanymyz 23-nji martda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyza ýetirdi.

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasy parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge çagyrýar Ýer ýüzünde parahatçylykly ýaşaýşy binýat etmek ähli döwürlerde-de iň ilkinji zerurlyk saýylypdyr. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän çökgünliklerdir adamzadyň şu gününe hem geljegine howp salýan müşgillikler parahatçylygyň gadyr-gymmatyny ozalkylardan has-da artdyrýar. Bu gün dünýä bileleşiginiň öňünde keserýän köp sanly derwaýys meseleler halkara hukugyň ýörelgeleriniň ileri tutulmagyny, özara ynamy pugtalandyrmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durnukly ösüşiň çelgisine öwürmegi zerurlyk hökmünde öňe çykarýar. Şeýle çylşyrymly şertlerde parahatçylygyň kepilini dialogda görýän Bitarap Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň öňbaşçysy bolup çykyş etmek bilen, onuň biragyzdan goldanylmagyny gazandy. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde bu täze Kararnamanyň kabul edilendigi barada hormatly Prezidentimiziň dykgatyna ýetirilen hoş habar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky syýasy ýeňşi bilen şöhratlanýandygyny alamatlandyran möhüm waka boldy.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze, döwrebap binalar toplumyny gurmak hakynda gol çeken Karary jemgyýetimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan binalar toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Golaýda bolsa döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýörite iş topary Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Onuň maksady binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň okuw we tejribe otaglaryny, ylmy-barlag merkezlerini döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek babatda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabrynda açyp ulanmaga bermek bellenildi. Onuň okuw otaglaryny döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça institutymyzyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň, kärhanalaryň tejribeli hünärmenlerinden ybarat iş topary döredildi. Topar tarapyndan okuw otaglaryna ornaşdyrylmaly enjamlaryň kysymyny, ulgamlaryny, programma üpjünçiliginiň sanawyny taýýarlamak boýunça potratçy kärhana bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Germaniýa saparyň barşynda bolsa iş toparyn

Italýan hepdeliginiň çäklerinde

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň biri-de 2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamadyr. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar. Italiýanyň belli binagärleridir dizaýnerleri ýokary okuw mekdebimize gelip, daşary ýurtlarda alnyp barylýan binagärlik işleri barada gyzykly gürrüňleri berýärler. Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italýan hepdeligi mynasybetli Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luidji Ferrari we Andrea Kaputanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Italýan arhitektory Andrea Kaputa Milan şäherinde amala aşyrylýan, binagärlikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gurluşyklar barada gyzykly gürrüňleri berdi. Soňra daşary ýurtly myhman özüniň awtorlyk etmeginde binagärlik sungatyna bagyşlap ýazan «U-Joints» atly kitabyny mugallymlara we talyplara sowgat berdi. Bu kitapda binagärlikde ulanylýan usul, ýagny sepleme usuly barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Doganlyk halklaryň guramasy

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) türki halklaryň ýaşaýan ýurtlaryny we sebitlerini birleşdirýär. Onuň esasy maksady türki halklaryň doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekden, maddy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamakdan we geljekki nesillere ýetirmek üçin hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, şeýle hem dünýäde türki medeniýete wekilçilik etmekden ybaratdyr. 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Almaty şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň medeniýet ministrleri Türki medeniýetini we sungatyny bilelikde ösdürmek boýunça guramany döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekişýär. «TÜRKSOÝ» sözi hem şol guramanyň türk dilindäki adynyň (Türk kültür we sanatlary ortak ýönetimi) gysgaldylyp alnyşyndan emele gelýär.

Türkmenistan — Russiýa: ynsanperwer ýörelgeler ilerledilýär

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň daşary söwdasynyň tertibi hakynda Ähtnama taýýarlanýar

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy üçin zerur bolan Türkmenistanyň daşary söwdasynyň tertibi hakynda Ähtnamany taýýarlaýarlar. Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaklyga taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistan guramanyň işgärlerinden, Aziýanyň Ösüş bankyndan, şeýle-de beýleki guramalaryň hünärmenlerinden tehniki goldawy alýar. Ýeri gelende bellesek, degişli Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2023-nji ýylyň iýun aýynda ýörite iş topary döredilipdi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynda «synçy» derejesini aldy. Şeýle-de 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesi berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy boldy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy martynda Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň birleşige agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi. Şeýlelikde, geçen hepde ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Has dogrusy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy birleşigiň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edildi. Maglumat üçin, 2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara meýdança bolup durýar. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Türkiýe Respublikalary birleşigiň doly hukukly agzalary bolup, Wengriýa we Demirgazyk Kipr synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler

29-njy martda Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçukyň arasynda geçirilen iş maslahatynda bellenildi diýip, TASS habar berýär.

«Çalık Enerji» Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

Türkiýäniň «Çalık Enerji» energiýa kompaniýasy Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň eksport-karz gullugyndan Türkmenistanda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin, takmynan, 586 million amerikan dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada «Global Trade Review» neşirine salgylanyp, www.business.com.tm işewürlik saýty habar berdi. Elektrik stansiýasynyň gurluşygy 40 aý dowam edip, şol döwürde «Commerzbank» Türkmenistanyň döwlet energiýa kompaniýasyna «Çalık Enerji» kompaniýasynyň adyndan şertnama obligasiýalaryny çykarar.

Aşgabat — Moskwa uçar gatnawlarynyň sany artýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýaz-tomus möwsümi üçin gatnaw meýilnamasynda Aşgabat bilen Moskwanyň aralygyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrar. Täzelenen tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasynda gündelik uçuşlaryň sany bäşden alty gatnawa çenli artar.

«Thyssenkrupp» konserni «Marine Systemsiň» bir bölegini «Carlyle» maýa goýum kompaniýasyna satmakçy bolýar

«Thyssenkrupp AG» nemes senagat konserni gämi gurluşyk pudagynda bilinýän «Marine Systemsiň» bir bölegini «Carlyle» maýa goýum kompaniýasyna satmagyň ýagdaýlaryny seljerýär. «Thyssenkrupp» konserniniň beýanatynda aýdylyşyna görä, taraplar bu biznesi düýpli seljermegi we bahalamagy ylalaşdylar. Bu hususy maýa goýum kompaniýasyna «Marine Systemsiň» bir bölegini satmaklyga birnäçe teklipleriň biri hökmünde seredilýär diýip, habarda nygtalýar. «Carlyle» bilen gepleşikleriň geçirilmegi parallel teklipleriň gapdala süýşürilmegini aňlatmaýar. «Thyssenkrupp» bu biznese gatnaşmak babatda Germaniýanyň hökümeti bilenem gepleşikleri geçirýär. «Thyssenkrupp Marine Systems» gämi gurluşyk pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Bu kompaniýa suwasty we suwüsti gämigurluşygyň enjamlaryny, deňiz elektronikasyny we howpsuzlyk ulgamyna degişli enjamlary öndüriji bolup çykyş edýär. «Marine Systemsiň» işgärleriniň umumy sany 7,8 müňe ýetýär.

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesinde Russiýanyň täze paýdarlar jemgyýeti peýda bolar

Russiýada Mahaçkala deňiz söwda portunyň 100 % paýnamalarynyň ygtyýarly maýasyny geçirmek esasynda «Demirgazyk – Günorta» paýdarlar jemgyýeti esaslandyryldy. Degişli reminama hukuk habarlary boýunça resmi portalda yglan edildi. Paýnamanyň bazar nyrhy 1,25 mlrd ₽ hasaplanylýar. Täze esaslandyrylan gurluş «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň infrastruktirasyny kämilleşdirmek bilen meşgullanar. Russiýanyň hökümeti tarapyndan kesgitlenen strategiki maýadar kompaniýanyň paýnamalarynyň 51 %-ini alar. Netijede, bäş ýylyň dowamynda döwletiň paýyny satyn alyp biler.

Halkara giňişlikde

Halklary ýakynlaşdyrýan baýramyň dünýädäki dabaralary Gündogar halklarynyň Nowruz baýramy dünýäde medeni-ynsanperwer ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem ýardam berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi onuň halkara derejedäki ähmiýetiniň ykrar edilmesidir. Şoňa görä-de, bu bahar baýramy Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa, Kawkaz sebitleriniň, Balkan ýarymadasynyň ýurtlarynda giňden bellenilýär.