Italýan hepdeliginiň çäklerinde

25 Mart 2024
396

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň biri-de 2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamadyr. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar. Italiýanyň belli binagärleridir dizaýnerleri ýokary okuw mekdebimize gelip, daşary ýurtlarda alnyp barylýan binagärlik işleri barada gyzykly gürrüňleri berýärler.

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italýan hepdeligi mynasybetli Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luidji Ferrari we Andrea Kaputanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Italýan arhitektory Andrea Kaputa Milan şäherinde amala aşyrylýan, binagärlikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gurluşyklar barada gyzykly gürrüňleri berdi. Soňra daşary ýurtly myhman özüniň awtorlyk etmeginde binagärlik sungatyna bagyşlap ýazan «U-Joints» atly kitabyny mugallymlara we talyplara sowgat berdi. Bu kitapda binagärlikde ulanylýan usul, ýagny sepleme usuly barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Nabat GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.