Aşgabat — Moskwa uçar gatnawlarynyň sany artýar

25 Mart 2024
349

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýaz-tomus möwsümi üçin gatnaw meýilnamasynda Aşgabat bilen Moskwanyň aralygyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrar.

Täzelenen tertibe laýyklykda, 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasynda gündelik uçuşlaryň sany bäşden alty gatnawa çenli artar.

Taýýarlan: Muhammet Mämmetgeldiýew,
TDMG-niň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.