Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde giň mümkinçilikler

26 Mart 2024
337

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze, döwrebap binalar toplumyny gurmak hakynda gol çeken Karary jemgyýetimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan binalar toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Golaýda bolsa döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýörite iş topary Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Onuň maksady binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň okuw we tejribe otaglaryny, ylmy-barlag merkezlerini döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek babatda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabrynda açyp ulanmaga bermek bellenildi. Onuň okuw otaglaryny döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça institutymyzyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň, kärhanalaryň tejribeli hünärmenlerinden ybarat iş topary döredildi. Topar tarapyndan okuw otaglaryna ornaşdyrylmaly enjamlaryň kysymyny, ulgamlaryny, programma üpjünçiliginiň sanawyny taýýarlamak boýunça potratçy kärhana bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Germaniýa saparyň barşynda bolsa iş toparyna tejribehana enjamlaryny öndürýän nemes kompaniýalary bilen degişli ugurlar boýunça pikir hem-de tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döredi.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.