Syýahatçylyk ulgamynyň gadamlary

27 Mart 2024
257

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň ençemesi paýtagtymyza geldiler.

Ir bilen myhmanlar halkara derejeli forumyň öňüsyrasynda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň foýesinde guralan ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini şöhlelendirýän serginiň işi bilen tanyşdylar. Halkara maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda bellenilişi ýaly, halkara derejeli şeýle maslahatlaryň geçirilmegi geljekde Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge ýakyndan ýardam berer. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän möhüm işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma mynasyp bolýar. Maslahatyň dowamynda bular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi hem-de pikir alşyldy. Şeýle hem, halkara maslahatyň çäklerinde «tegelek stoluň» başynda syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar, Türkmen döwlet medeniýet institutynda daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylyk ugry boýunça bilim berýän mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ýörite habarçymyz.