Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy boldy

25 Mart 2024
281

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy martynda Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň birleşige agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi. Şeýlelikde, geçen hepde ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Has dogrusy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy birleşigiň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edildi.

Maglumat üçin, 2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara meýdança bolup durýar. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Türkiýe Respublikalary birleşigiň doly hukukly agzalary bolup, Wengriýa we Demirgazyk Kipr synçy hökmünde gatnaşýarlar.

«Biznes reklama».