"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Siziň ähliňizi ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baş Assambleýanyň bu möhüm resminamasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bi hyzmatdaşlygynyň strategik we netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Nusgalyk tagallalar rowaçlanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar. Häzirki wagtda halkara ulag-aragatnaşyk ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki döwürde onuň döwrebap ösdürilmeginde esasy orny eýeleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä çykarmaga, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Kä­mil­li­giň aý­dyň ýo­ly

Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz ata Watanymyzyň dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuna eýe bolmagynyň, dünýä dolmagynyň we ösmeginiň goşa ganatydyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklardan bäri parahat durmuşa, asuda ýaşaýşa uly sarpa goýýarlar. Çünki parahatçylygyň bar ýerine gülläp ösmek, rowaçlyk ýardyr. Biziň şu günki asudalyga, hoşniýetli gatnaşyklara bolan söýgimiz öz gözbaşyny pederlerimiziň çuňňur paýhasyndan alyp gaýdýar. Bu gün bolsa halkymyzyň parahatçylyga goýýan sarpasy, ynsanperwerlik ýörelgesi, hoşniýetlilik, açyk göwünlilik, ynanyşmak häsiýeti Bitaraplygyň filosofiýasy bolup giň jahana ýaýylýar. Diýmek, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga, ýagşy niýetlilige, adalatlylyga ýugrulan hamyrmaýasydyr, ösüşiň, kämilligiň aýdyň ýoluny şöhlelendirýän taglymatydyr. Ähmiýeti, zerurlygy babatda iňňän uly baýlyk bolan Bitaraplygymyza eýe bolan günümiz taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine ýetirýär we däp bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni uludan bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli geçen Bitaraplyk ýyllary içinde gazanylan we indi gazanyljak ösüşlerimize, bolup geçýän dürli öwüşginli wakalara akyl ýetirmek biziň her birimiz üçin parzdyr.

Hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ugry bilen

Hemişelik Bitarap Watanymyz halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň ösüşine ýardam bermäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Şu ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek baradaky öňe süren başlangyçlary hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygyny tassyklamak bilen, bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu babatda garaýyşlaryny beýan edip, täze başlangyçlary öňe sürdi.

Zenanlaryň dialogy — hukuklaryň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz döwletli tutumlara, hoş habarlara beslenýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 13-nji maýynda paýtagtymyzda bolup geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň jemleri boýunça kabul edilen Jarnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu şatlykly waka Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat işiniň we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG tarapyndan ykrar edilýändiginiň, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilýändiginiň beýanydyr. Bu hoş habar tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda zähmet çekýän zenanlary diýseň begendirdi. Mälim bolşy ýaly, hyzmatdaşlygyň täze görnüşi bolan zenanlaryň dialogy doganlyk döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekde, gender syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň dürli döwletleri, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. Türkmenistan soňky ýyllarda abraýly halkara forumlaryň münberinde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ählumumy sebit ähmiýetli köpsanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň orny

«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň we beýleki onlarça halkara, sebit guramalarynyň agzasy hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabarada eden çykyşynda şeýle belleýär: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder». Hormatly Prezidentimiziň ol sözleri bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýdyň şöhlelenýär.

Umumadamzat bähbitli tagallalar

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze taryhy eýýamda dünýä halklarynyň ykbalyna täsir edýän derwaýys meseleleri netijeli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýän ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmek bilen, BMG-niň dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak ugrundaky tagallalara uly goşant goşýar. Bu gün Türkmenistan adamzada howp salýan global wehimleriň we howplaryň arasynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde ekologiýa meselelerine çözgüt tapmak maksady bilen daşary syýasatda ekologiýa diplomatiýasy ugry kemala geldi. Ýurdumyz BMG-niň bu ugurdaky möhüm konwensiýalaryna hem-de resminamalaryna goşulmak bilen, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş tagallalaryna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki ýokary derejeli maslahatlaryň çäklerinde adamzadyň ýagty geljegini üpjün etmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňz

2022-nji ýylyň apreli: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Geçen aýda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly guramalar bilen dürli görnüşde geçirilen giň gerimli çäreler — duşuşyklar, geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, okuw maslahatlary, sergiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol döwletler bilen gatnaşyklar bolsa köpasyrlyk mizemez dostluk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda guralýar.

Berkararlygymyzyň mukaddes sütünleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gadymy türkmen topragynda erkana ýaşaýan halkymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Eziz Watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun hem-de uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýär. Çünki biziň ajaýyp ýurdumyz ýaşyl Tugumyzyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen bolsa, berkarar döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi.

Hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip

Sebit we dünýä derejesinde ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda uly ynam bilen nygtap aýtdy. Şu jähetden, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogy aýratyn ähmiýeti bilen tapawutlanar we döwlet Baştutanymyzyň parasatly sözleriniň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygyň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy bellärliklidir. Bu bolsa daşary ýurtlar bilen gatnaşyklara täze öwüşgin çaýyp, hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny ýüze çykarýar. Şunda Türkmenistanyň umumymilli bähbitleri öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygyny bellemek ýakymlydyr. Halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özünde jemlejek bu taryhy wakalar hem hyzmatdaş ýurtlar bilen dostlukly hem-de özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň çäkle

Bagtyň binýady

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.

Asuda serhediň ýollaryny külterläp

Golaýda işdeşlerimiň biri bilen gadymy Lebap topragyna iş saparyna gitmek nesip edipdi. Bu iş saparymyzyň maksady Gullugymyzyň düzüminde hereket edýän serhet birikmesinde alnyp barylýan işler, şeýle-de harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýan serhetçi serkerdeleriň gulluk durmuşy hakynda makala taýýarlamakdy. Paýtagtymyzdan ugran otly, bizi ir säher bilen ýerli demirýol menziline eltdi. Demirýol menzilinde mähirli garşy alan terbiýeçi serkerdä maksadymyzy aýan etdik. Ilki bilen maýor Ýalkapdurdy Gurbanowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, soňra serhet birikmäniň düzüminde hereket edýän uly leýtenant Aganur Perdeliýewiň serkerdelik edýän serhet galasyna tarap ugradyk.

2022-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen aýda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda geçirilen bu çäreleriň ählisi ata Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletlerdir iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam etdi. 1-2-nji martda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň barşynda dünýäde we sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy howplara — terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge aýratyn üns berildi. Bu çärä ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu, iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylygy söýüjilik — hoşniýetlilik ýörelgeleriniň binýady

Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksady, döwletimiziň asuda we durnukly ösmegi üçin doly amatly daşarky şertleri döretmekden ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy. Parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmä eýe bolan ýurdumyz, sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary, teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy esasynda ykrar edilen hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen goldanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, on

Hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemez binýady

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly bolmagynda galmak bilen, halkara jemgyýetçiligine bu syýasaty işjeň wagyz edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim we beýleki ugurlarda giň gatnaşyklary ýola goýmakda, hormatly Prezidentimiziň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda uly orny eýeleýär. Şol strategiýa durmuşyň möhüm maksatlaryny gazanmaga: ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ony berkitmäge gönükdirilendir. Parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak türkmen Bitaraplygynyň esasy ýörelgesi bolup, olar Türkmenistanyň daşary syýasatynda we ähli döwletler bilen alyp barýan diplomatik gatnaşyklarynda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň BMG-niň maksatlaryna gabat gelýändigini, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny birleşdirmekde netijelidigini iş ýüzünde tassyklaýar.

Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, bu gün dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwlet bar. Türkmenistan öz raýatlarynyň jana-jan bähbitlerini goraýar we muny ähli zatdan ileri tutýar, şonuň bilen birlikde, dünýäniň ähli döwletleri, aýratyn-da, ýakyn goňşulary, Merkezi Aziýa döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly pähim-paýhasy bilen ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna beýik we mukaddes işlere başlangyç berýär, şeýle işleri amala aşyrýar. Öz ynsanperwer syýasaty bilen adamzat üçin parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň nusgalyk ýoluny döredýär. Taryhda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolandygyny nazara alanyňda, onuň iň täze taryhyň möhüm seneleriniň biridigi gürrüňsizdir. Bu hukuk ýagdaýynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna belent hormat-sarpa hem-de örän ýokary baha boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bildirilýän çäksiz ynama eýe bolup, ähli syýasy-diplomatik we ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmak bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny doly

Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Eziz Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna geldi. Wise-premýer maşgala agzalary bilen ses berip, konstitusion hukugyny berjaý etdiler. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär soňra ses bermegiň barşyna gözegçilik edýän milli we halkara synçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.

TÜRKMENISTAN – BMG: parahatçylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmegine 30 ýyllygy bellenilýän gününde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Milli Liderimiz diplomata Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary hem-de biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. BMG bilen hyzmatdaşlygyň 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan onuň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir, häzir däp bolan bu gatnaşyklaryň oňyn hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesine daýanyp, gerimi giňeldýär hem-de ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny we wajyp meselelerini öz içine alýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orny eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyk edýär. Bu gün Türkmenistan hem-de

Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Türki dilli döwletler, ilkinji nobatda bolsa, halklarynyň medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy müňýyllyklaryň taryhyna uzap gidýän Türkiýe bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli özara hereketler bilen sazlaşykly baýlaşdyrylýar. Biziň ýurdumyz bu gurama geçen ýylyň noýabr aýynda synçy hökmünde girip, onuň işine hem-de bu düzümiň Ýaşulular geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen bolan duşuşygy netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boldy. Türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň ýurdumyzyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsan