Zenanlaryň dialogy — hukuklaryň kepili

18 Iýul 2022
1920

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz döwletli tutumlara, hoş habarlara beslenýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 13-nji maýynda paýtagtymyzda bolup geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň jemleri boýunça kabul edilen Jarnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu şatlykly waka Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat işiniň we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň BMG tarapyndan ykrar edilýändiginiň, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilýändiginiň beýanydyr. Bu hoş habar tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda zähmet çekýän zenanlary diýseň begendirdi.

Mälim bolşy ýaly, hyzmatdaşlygyň täze görnüşi bolan zenanlaryň dialogy doganlyk döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekde, gender syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy.