TÜRKMENISTAN – BMG: parahatçylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

17 Mart 2022
1969

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmegine 30 ýyllygy bellenilýän gününde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Milli Liderimiz diplomata Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary hem-de biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. BMG bilen hyzmatdaşlygyň 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan onuň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir, häzir däp bolan bu gatnaşyklaryň oňyn hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesine daýanyp, gerimi giňeldýär hem-de ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny we wajyp meselelerini öz içine alýar.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orny eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyk edýär. Bu gün Türkmenistan hem-de BMG köp ugurlarda, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika hem-de ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir, yzygiderlilik esasda amala aşyrylýar hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.