Hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ugry bilen

26 Iýul 2022
1792

Hemişelik Bitarap Watanymyz halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň ösüşine ýardam bermäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Şu ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek baradaky öňe süren başlangyçlary hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygyny tassyklamak bilen, bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu babatda garaýyşlaryny beýan edip, täze başlangyçlary öňe sürdi.

Jeren WELIÝEWA,
Ahal welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.