Bagtyň binýady

4 Maý 2022
2578

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.

Jeren ÝEGENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.