Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy

30 Mart 2022
1897

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, bu gün dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwlet bar. Türkmenistan öz raýatlarynyň jana-jan bähbitlerini goraýar we muny ähli zatdan ileri tutýar, şonuň bilen birlikde, dünýäniň ähli döwletleri, aýratyn-da, ýakyn goňşulary, Merkezi Aziýa döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly pähim-paýhasy bilen ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna beýik we mukaddes işlere başlangyç berýär, şeýle işleri amala aşyrýar. Öz ynsanperwer syýasaty bilen adamzat üçin parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň nusgalyk ýoluny döredýär.

Taryhda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolandygyny nazara alanyňda, onuň iň täze taryhyň möhüm seneleriniň biridigi gürrüňsizdir. Bu hukuk ýagdaýynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna belent hormat-sarpa hem-de örän ýokary baha boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bildirilýän çäksiz ynama eýe bolup, ähli syýasy-diplomatik we ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmak bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny doly güýjünde amala aşyrýar.

Ýörite habarçymyz.