"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bitaraplyk ýörelgämiz rowaçlanýar

Ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrmak ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz birek-birege hormat goýmaga, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen uly işleri alyp barýar, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly döwletimiz içeri we daşary syýasatda uly üstünlikleri gazanýan, tutuş adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna başlangyçlary öňe sürýän, abraýy ýylsaýyn artýan döwlet hökmünde tanalýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatda alyp barýan işleri sebitde parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, asudalygy gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Mertebe sütüni

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda Bitaraplygymyzyň alamaty bolan zeýtun baldajyklary şekillendirildi. Döwlet Senamyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bilen şöhlelendi. Halkara Bitaraplyk güni — ýurdumyzyň iň naýbaşy baýramlarynyň birine öwrüldi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen, 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär.

Abadançylygyň we ösüşleriň ýoly

Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk ýoly hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe boldy. Baky Bitaraplygyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Agzybirligiň, jebisligiň netijesinde durnukly ösüşlere beslenýän Türkmenistanyň baky Bitaraplyk gününiň — 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen ykrar edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek geljek otuz ýylda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanmagy

Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygyny gazananyndan bäri 27 ýyl geçen hem bolsa, şol ajaýyp gün 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlerimizi galkyndyrýar. Mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününi şanly wakalaryň, mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Aslynda, ynsanyň arzuwda ýaşamagy tebigy ýagdaý. Pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak, eşretli durmuşda ömür sürmek islegi asyrlarda kämilleşip, göwünleri galkyndyrypdyr. Bu şanly waka 27 ýyl mundan ozal ykballarymyzy nurlandyryp, maksadymyzy myradyna gowşurdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uludan bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli golaýda Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Halkyň mertebesini belende göterýän gymmatlyk

Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlaryndan gözbaş alan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz agzybirlikden kemal tapan eziz halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny barha beýgeldýär. Şeýle şatlykly günlerde biz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp derejede garşy alýarys. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň pederlerimizden gelýän nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda örän uly üstünlikler gazanylýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gün-günden gülläp ösüşi halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň ygty

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna

Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga göreldämiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

Halkara Bitaraplyk gününe

Bitaraplyk — buýsanjymyz Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp, ymykly ösüşiň ýoluna düşdi. Şu ajaýyp ýolda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz uly joşgun, belent ruh bilen döredýär, gurýar.

Baky bagtyň şuglasy

Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ze gu­wan­mak, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň he­mi­şe­li­k Bi­ta­rap­ly­gy­nyň iki ge­zek yk­rar edil­me­gi hal­ky­myz üçin iň uly mer­te­be­dir. Bi­ta­rap­lyk — be­lent de­re­je, hal­ka­ra ab­raý­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz­da ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik. Türkmenistan dün­ýä ýurt­la­ry­na dost­luk­ly go­lu­ny uzad­ýar. Ýur­du­myz dost-do­gan­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň, fo­rum­la­ryň mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

Dünýä nusgalyk ýö­rel­ge­

Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy döw­le­ti­mi­ze dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem, ýur­du­myz özü­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­la­nyp, se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­mak bo­ýun­ça nus­ga­lyk iş­le­ri­ni do­wam­ly alyp bar­ýar. 2007-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy boýunça paý­tag­ty­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi açyl­dy. Mer­kez se­bit döw­let­le­ri­niň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­züm­le­ri­niň, şeý­le hem beý­le­ki gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri ba­bat­da öza­ra he­re­ket­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Yn­ha, şu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Mer­ke­zi Azi­ýa — pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Ýüreklerde bagtyýarlyk mukamy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda BMG-ä agza döwletler tarapyndan bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny belläp geçýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri hem dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. Her bir geçirilýän çärede eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri, ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüňler edilýär. Şol dabaralarda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ady alkyşlara beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri ýaňy-ýakynda merjen şäherimizdäki «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde geçirildi. «Ýüreklerde Bitaraplyk mukamy» diýlip atlandyrylan bu baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar. Oňa paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sungat mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Biz dabara özleriniň baýramçylyk sowgatlary bilen gelen myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.

Dost-doganlygyň gözbaşy

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde halkara bileleşigine agza 193 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ikinji gezek ýörite Kararnama kabul edildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi. Häzir oňa dünýäniň 19 döwleti girýär. Bu bolsa dünýäniň abatlygyny binýat edýän ösüş arkaly parahatçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak, agzybirlik, dost-doganlyk, asudalyk, rowaçlyk ýaly düşünjeleriň ählisiniň-de gözbaşyny Bitaraplyk syýasatyndan alyp gaýdýandygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzda özeninde Bitaraplyk syýasaty duran giň gerimli maksatnamalar kabul edilip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Durmuşymyza ornaşdyrylýan maksatnamalar ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigini bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly ussat mugallymlaryň bilim berýändiginde, şeýle-de, daşary ýurtly ýaşlaryň ýurdumyzyň ýokary hem ýörite okuw mekdeplerinde bilim alýandygynda hem görmek bolýar.

Baýramçylyk dabarasy

Halkara Bitaraplyk gününi giňden dabaralandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem asylly maksada öwrülýär. Her bir ugurda gazanylýan üstünliklere utgaşyklylykda dabaraly maslahatlaryň, medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu jähtden golaýda Şabat etrabynyň Altynýol geňeşliginiň oba medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Bitarap, bagtyýar, şan-şöhratly Watanym» ady bilen geçirilen dabara ýaşuly nesliň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dost-do­gan­ly­gyň ýö­rel­ge­si

Bu gün türk­men hal­ky­nyň toý­la­ry toý­la­ra, baý­ram­la­ry baý­ram­la­ra ulaş­ýar. Yn­ha, «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da hem Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­na 27 ýyl bol­ýar. Bu şan­ly se­ne türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň şug­la­sy bo­lup, ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ba­ky bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýan hal­ky­myz her bir baý­ra­my şat­lyk­ly, da­ba­ra­ly ýag­daý­da my­na­syp bel­läp geç­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi, aba­dan­çy­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy ýö­rel­ge edin­ýän Türk­me­nis­tan bar­ha be­lent sep­git­le­re eýe bol­ýar. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si be­len­de gö­te­ril­ýär. Yn­ha, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji ses­si­ýa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şo­nuň ýa­ly-da, 2015-nji ýy­lyň iýun aýyn­da hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy ta­ry­hy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň ses ber­me­gin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň iki ge­zek Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň aý­dyň ýo­ly

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­my­zyň toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýar. Bu gün­ki gün­de ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­lyk to­ýu­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýa­rys. Mu­nuň özi her bir yn­sa­nyň kal­by­ny jo­şa ge­tir­ýär, eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ne bo­lan buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar. Se­bä­bi bu şan­ly se­ne ýur­du­my­za ber­len bagt­dan paý­ly ser­paý­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­me­niň toý-des­sur­la­ry­ny ulu­dan tu­tup, şat­lyk­ly-şow­hun­ly bel­le­mä­ge ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze bi­na­lar, dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Be­ýik iş­ler hor­mat­ly

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy ündeýän başlangyçlary älem-jahana dolýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan taryhy wakalara beslendi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşmeýilli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň dogrudygyny hemmetaraplaýyn subut etdi.

Bitaraplygyň ýalkymy

Ynsanperwerligiň nyşany Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gysga taryhy döwürde Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldýän we çuňlaşdyrýan, dünýäde hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly işleri alyp barýan, milli we umumadamzat bähbitlerini berjaý edip, baglaşylan halkara ylalaşyklaryna wepaly, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Düzme bäsleşiginde zehinliler ýeňiji boldy

Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen dili dersinde geçirilen düzme bäsleşigine etrapdaky orta mekdeplerden okuwçylar gatnaşdy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik ýaşlara zehin-başarnygyny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Onuň netijesinde düzme ýazmakda aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar kesgitlendi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşikde 1-nji orta mekdebiň okuwçylaryy A.Guwanjowa birinji, A.Toýlyýewa ikinji, 14-nji orta mekdebiň okuwçysy H.Hoşgeldiýewa üçünji orna mynasyp boldular.

Parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrýan taglymat

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi aýratyn möhüm waka bolup taryha girdi. Şondan 20 ýyl geçensoň, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi, şonuň ýaly-da 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer hem parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Bitaraplyk diýen düşünje türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze basgançaklara çykýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýär. Bu bolsa döwletimiziň dünýädäki tutýan ornuny has hem berkidýär. Arkadagly Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, «Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ý

Baky Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar

Parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak arkaly pugtalandyrylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ajaýyp ýörelgeleridir. Eziz Watanynyň asudalygyny gorap saklamakda edermenlik görkezen pederlerimiziň ýüze çykan dartgynly ýagdaýlary hemişe parahatçylykly ýol bilen çözmegiň tarapdary bolandyklary, sazyň, sözüň güýji bilen dawa-jenjelleriň öňüni almagy başarandyklary, Şükür bagşynyň ýat ýurda ýesir düşen doganyny dutaryna daýanyp, sazy bilen halas etmegi munuň özboluşly subutnamalarydyr. Şol esasdan, halkymyzyň Garaşsyz döwletli bolandan soň, oňyn bitaraplyk ýoluny saýlap almagy ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanýan ýol-ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň alamatydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy beýik ýeňişlere ýetirip, asuda, bagtyýar durmuşyň kepiline öwrüldi. Baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda eziz Diýarymyzda uly işler bitirilip, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy. Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýetilen şeýle belent sepgitleriň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da baýlaşdyrylýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Bitaraplyk hukuk derejämizi alanymyzdan bäri geçen döwrüň içinde durmuşa geçirilen dünýä ähmiýetli işler ýurdumyzyň bitara

Bitaraplyk — bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän 2022-nji ýylda belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine galýan eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuna barýar. Agzybir halkymyz özüniň döwletlilik ýörelgesine eýerip, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna pugta jebisleşip, bu ajaýyp baýramçylygy uly zähmet üstünliklerine besleýär. Geçirilýän dabaralarda ýurdumyzyň gazananlaryna, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Aşgabadyň ajaýyp maslahat merkezlerinde, kaşaň myhmanhanalarynda dünýä syýasatynyň dürli meseleleri, howpsuzlyk, halkara söwda-ykdysady, ylym we bilim, medeni hem beýleki gatnaşyklar boýunça maslahatlar geçirilýär, möhüm çözgütler kabul edilýär.