Parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanmagy

30 Noýabr 2022
607

Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygyny gazananyndan bäri 27 ýyl geçen hem bolsa, şol ajaýyp gün 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry güni asyrlarboýy edilen arzuwlaryň wysaly bolup, göwünlerimizi galkyndyrýar. Mähriban halkymyz hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününi şanly wakalaryň, mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Aslynda, ynsanyň arzuwda ýaşamagy tebigy ýagdaý.

Pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak, eşretli durmuşda ömür sürmek islegi asyrlarda kämilleşip, göwünleri galkyndyrypdyr. Bu şanly waka 27 ýyl mundan ozal ykballarymyzy nurlandyryp, maksadymyzy myradyna gowşurdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uludan bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli golaýda Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Mähriban ŞYHMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.