Parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrýan taglymat

23 Noýabr 2022
650

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi aýratyn möhüm waka bolup taryha girdi. Şondan 20 ýyl geçensoň, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi, şonuň ýaly-da 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer hem parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Bitaraplyk diýen düşünje türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze basgançaklara çykýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýär. Bu bolsa döwletimiziň dünýädäki tutýan ornuny has hem berkidýär. Arkadagly Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, «Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy». Şunuň bilen birlikde hem, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz parahatçylyk dörediji ýurt, möhüm halkara çäreleriň, duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edildi.

Aýjahan Öwezowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň okuw we önümçilik amaly müdiri.